Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň
bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri
alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny
taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.
Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara
laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk
görmek işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi
çekdi we degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, häkime bu
ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär. Gowaça
ekiljek meýdanlary, pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine
laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri
alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, olaryň ekişini bellenen möhletlerde
tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk işleri, hususan-da,
meýdanlarda tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin
welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny
taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda
öndürilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny,
tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle-de
häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň, ýazky ekişe taýýarlyk
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp
barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek
babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak
işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişini bellenen möhletlerde
tamamlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk
geçirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime anyk
görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan
wezipeleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda bu babatda alnyp barylýan
işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň
çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek, pagta
öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli
gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök
ekinleriň ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek, beýleki gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak
babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna,
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň
we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň gyşarnyksyz berjaý
edilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň esasy şertidigini
belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady
bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly
ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda
tekizleýiş, geriş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, pagta arassalaýjy
kärhanalarda tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak, olary ekiş möwsümine çenli
talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda gök-bakja
ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýazlyk
gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine
taýýarlamak, ýeralmanyň, gök ekinleriň ekişini geçirmek boýunça degişli işler
dowam etdirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alyp barmagyň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen birlikde, ýer, suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmaga hem ýardam berýändigini belledi we
wise-premýere bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişine
taýýarlyk işlerine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda
tekizleýiş, çil, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleriniň geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagy, ekiş möwsümine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli
gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň
agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmek, ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlap, ekişiň
depginini has-da güýçlendirmek, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz
wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
welaýatlarda şu ýylda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi
üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov