Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol
ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada
geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýeňiş güni
milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Şol gazaply
urşuň ilkinji günlerinden biziň ildeşlerimiz meýletinlik bilen fronta ugradylar
we doganlyk halklar bilen bilelikde Ýer ýüzünde parahatçylygyň, nesilleriň
bagtyýar durmuşynyň bähbidine egin-egne berip söweşdiler. Uruş döwründe tylda
güýç-gaýratyny gaýgyrman tutanýerli zähmet çekenler hem umumy Ýeňşe ägirt uly goşant
goşdular. Şu gün — 9-njy maýda Watanymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda
aýylganç söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan gerçeklerimiziň ýagty ýadygärligi
hatyralanylýar. Ýurdumyzda frontçy weteranlar, urşuň yzynda galanlar we tylda
zähmet çekenler uly hormat-sarpa, alada bilen gurşalyp alyndy. Häzirki döwürde
olaryň söweş meýdanlarynda, zähmetde görkezen edermenligi türkmenistanlylaryň
ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we ynsanperwerligiň mekdebi
bolup durýar.
Parahatçylyk
— ägirt uly umumadamzat gymmatlygy. Ol durnukly ösüşiň, netijeli halkara
hyzmatdaşlygyň, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy bolup hyzmat edýär. Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň
döredijilikli daşary syýasat strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy,
döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimiziň oňyn teklipleri
halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30
ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi-de munuň
aýdyň güwäsidir. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi.
...Hormatly
Prezidentimiziň uçary birnäçe wagtdan Moskwanyň “Wnukowo — 2” Halkara howa
menziline baryp gondy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet
Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky ýörite neşirleriniň nusgalary
bilen tanyşdyryldy. Metbugat neşirleriniň bu taryhy sanlary Arkadagly Gahryman
Serdarymyza sowgat berildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Moskwa Kremline tarap ugrady. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin
mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, bilelikde ýadygärlik
surata düşdüler.
Kremlden
hormatly Prezidentimiz beýleki belent mertebeli myhmanlar — baýramçylyk
çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki
döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi
münberine bardy.
Moskwa
Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, sagat 10:00-da Gyzyl
meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlandy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putin uruş weteranlaryna we dabara gatnaşýanlaryň ählisine gutlag sözi
bilen ýüzlendi. Ol hemmeleri Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden
gutlady. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň
hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.
Dünýä
taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden
bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup,
millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň
garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň
nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki ýubileý dabaralaryna
gatnaşmagy azat ediji gahrymanlaryň umumy edermenligine hormat-sarpanyň
nyşanydyr.
Türkmen
halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda
gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik
görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň, borja
wepalylygyň hakyky nusgasydyr. Uruşdan mähriban ojaklaryna dolanmadyk hem-de
Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplaryna
girizildi.
...Gyzyl
meýdandaky baýramçylyk dabarasy ýetip gelýär. Münberiň öňünden Russiýa
Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup
geçýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat
garawulynyň batalýony hem bar. Häzirki wagtda ýaş türkmen esgerleri
ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Şunda
pederlerimiziň parasatly wesýetlerine wepaly nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy
hem-de dowamatlylygy öz beýanyny tapýar.
Biz
edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen
belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly
eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň
orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki
wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň,
belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr
ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary
Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda
“Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet
Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin”
diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy
mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji
atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi. Berdimuhamet Annaýew hut şu
baýdak astynda batyrgaý söweşipdir.
Gazaply uruş
ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligi hem hiç
wagt ýatdan çykarylmaz. Olar janyny aýaman kärhanalarda, ekin meýdanlarynda
zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler we ýygnadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýetginjekkä, 1944-nji
ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny ýazypdyr. Bu täsirli setirlerde
hakyky watançylyk, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin tagallalar öz beýanyny
tapýar.
Ýeňşe
Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri-de mynasyp goşant goşdular. Olar
konsert toparlarynyň düzüminde ençeme gezek söweşleriň dowam edýän ýerlerine
bardylar. Kähalatlarda şeýle konsertler frontuň öň hatarynda hem geçirildi.
Ählihalk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden
gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen
zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş
şaý-seplerini tabşyrdylar.
Ýurdumyzyň
çägine senagat kärhanalary, harby hassahanalar, okuw mekdepleridir edaralar
göçürilip getirildi. Türkmenistanlylar söweş hereketleriniň gidýän ýerinden
getirilen adamlary hem aýratyn üns we mähir bilen gurşap alyp, olary öz
maşgalalaryna kabul etdiler. Aýratyn-da, ýerli ýaşaýjylar göçürilen çagalary
mähir bilen gurşap aldylar. Bularyň ählisi halkymyzyň doganlyk goldawy,
birek-birege ýardam bermek, raýdaşlyk ýaly ýörelgelere wepalylygynyň aýdyň
güwäsi boldy. Uruş gutarandan soňra, göçürilip getirilen maşgalalaryň köpüsi
mähriban ojaklaryna gaýdyp bardy. Ýöne Türkmenistanda hemişelik galmak kararyna
gelen adamlar hem az bolmady.
Türkmen
halky gadymdan bäri mähriban topragyny gaýduwsyzlyk bilen goranlara uly sarpa
goýup gelipdir. Bu asylly däplere eýerilip, ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunyň
weteranlary hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alyndy. Beýik Watançylyk
urşuna gatnaşanlaryň hem-de geçen asyryň 40-njy ýyllarynda tylda zähmet
çekenleriň ählisiniň mynasyp durmuşyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýyl Beýik Ýeňşiň
hormatyna uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galanlara dabaraly ýagdaýda gymmatly
sowgatlar gowşurylýar. Frontçular we tylda zähmet çekenler üçin durmuş
ýeňillikleri göz öňünde tutuldy.
...Dabaraly
ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet
Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna
ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.
Belent
mertebeli myhmanlar matam sazynyň owazy astynda ýadygärlikler toplumyna
barýarlar. Olaryň öňünden harby gullukçylar gül çemenlerini göterip barýarlar.
Bir minutlyk dymyşlyk yglan edilýär we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet senasy
ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji
ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş adamzadyň parahat
durmuşy we azatlygy ugrunda faşizme garşy göreşen gahrymanlary hatyralap, Baky
oda gülleri goýdy.
Hormat
garawulynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň goşun
kysymlaryna wekilçilik eden düzümleriň esgerleri ýadygärlikler toplumynyň
öňünden batly gadam urup geçýärler. Soňra wekiliýetleriň Baştutanlarynyň
bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Ýeňiş güni
mukaddes we nurana baýramdyr. Biz onuň şatlygyny doganlyk halklar bilen
paýlaşýarys. Gahrymanlaryň şan-şöhrata beslenen edermenligi baradaky hakyda
müdimilik kalplarymyzda ýaşap, dostlugyň, hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Beýik Ýeňşiň
80 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wnukowo — 2” Halkara howa menziline bardy
we şol ýerden Watanymyza ugrady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra Aşgabadyň Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar
garşyladylar.
tdh.gov