2025-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ählihalk
baýramy — Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň synmaz jebisligini
alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni
bellenilýär. Paýtagtymyz baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän
merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak
dabaralary boldy.
Ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu
ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçýändigi
bellärliklidir. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama üçünji gezek kabul
edildi. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, onuň Konstitusiýasyna we Döwlet
baýdagyna bolan buýsanjymyzy artdyran ýene bir şanly waka öwrüldi.
Döwlet
Baştutanymyzyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda
kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr,
abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik
ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr. Watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny,
zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýan
Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň galkyndyryjy güýji bilen bu gün —
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp geljegimizi
gurýarys.
...Ir
bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde seleňläp görünýän Konstitusiýa
binasynyň öňünde baýramçylyk dabaralary badalga aldy. Ildeşlerimiziň aýratyn
hormat bilen garaýan bu baýramy ýokary watançylyk ruhuny döretmek bilen,
halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Dabara gatnaşyjylaryň
hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň
Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, talyplar,
paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary bar.
Hormatly
Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk görnüşinde bezelen ýere
gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ugraýar. Onuň ugrunda Watan
goragçylary hatara düzülipdir. Ýaş nesliň wekilleriniň ellerinde Türkmenistanyň
Döwlet baýdagy parlaýar.
Döwlet
Baştutanymyz Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada gurnalan ýörite ýere
geçýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
berkarar Watanymyzyň döwlet binýatlarynyň, demokratik esaslarynyň, köpasyrlyk
halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezligini alamatlandyrýan Konstitusiýa
binasyna gül çemenini goýýar.
Pederlerimiziň
ruhy mirasymyz baradaky pikirleri, nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa
wepaly gulluk etmek, hoşniýetlilik, adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri Esasy
Kanunymyzyň özenini düzýär. Şonuň üçin-de halkymyz gadymy taryhynyň
şan-şöhratyna oňat düşünip, bu ajaýyp baýramy bellemek bilen, ata-babalarymyzyň
ýörelgelerine uly hormat-sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine
eýerip, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary,
hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara
gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.
Ýurdumyzyň
Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina demokratik, hukuk we dünýewi
döwletimiziň berkararlygynyň mizemez esaslaryny özünde jemleýän, halkymyzyň
agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende göterilmeginiň
bähbidine beýik işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny, Watanymyzyň kuwwatyny,
gülläp ösüşini alamatlandyrýan özboluşly nyşana öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň
“Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi hem-de hormatly Prezidentimiziň
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen
şygary durmuş ugurly we toplumlaýyn ösüşiň durnuklylygyny üpjün edýän häzirki
döwrümiziň jemgyýetçilik ösüşiniň nusgasyny kesgitledi. Türkmenistanyň
Konstitusiýasy adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan
etmek bilen, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär
hem-de raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy
eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar. Bu ýörelge
Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň baş ugruny kesgitleýär.
Konstitusiýamyzyň binýadynda birnäçe kanunlar kabul edilip, olarda konstitusion
hukuklar has-da ösdürildi we kepillendirildi.
Watanymyzyň
Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda halkymyz
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitlerine buýsanmaga haklydyr. Bu
üstünlikler döwletimiziň çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny
ildeşlerimiziň doly goldamagy, giň gerimli özgertmeler işine işjeň gatnaşmagy
netijesinde gazanyldy.
...Tiz
wagtda ajaýyp binanyň töweregi hoşboý ysly ajaýyp ter gül desseleri bilen
örtüldi. Olar türkmenistanlylaryň belent watansöýüjilik duýgularynyň aýdyň
beýanydyr.
Konstitusiýa
binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak
meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde oturdylan belent baýdak sütüninde Türkmenistanyň
Döwlet tugy buýsançly parlaýar.
Asuda
asmany bezeýän Watanymyzyň ýaşyl tugy türkmen halkynyň döwlet gurmak baradaky
köpasyrlyk arzuwynyň hasyl bolmagydyr, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we
özygtyýarlylygynyň binýadynyň mizemezliginiň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk,
döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz
ygrarlydygynyň nyşanydyr. Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde we “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda ýaşyl baýdagymyz parlaýan belent sütünleriň
gurulmagy halkymyzyň milli tugumyza mukaddeslik hökmünde belent sarpa
goýýandygynyň aýdyň beýanydyr.
...Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdak meýdançasynyň öňünde
saklanýar. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler.
Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar.
Hormatly
Prezidentimiz belent baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra
döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül
desselerini goýýarlar.
Häzirki
wagtda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli
goňşuçylyk, sebit we ählumumy derejede dostlukly gatnaşyklary ösdürmek,
netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň nyşany bolup, bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan başy başlanan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň häzirki döwürde
döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi Watanymyzyň halkara
giňişlikdäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň 1995-nji
ýylda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagy bilen, ýaşyl tugumyzy
halkymyzyň köpasyrlyk parahatçylyk söýüjilik däplerini alamatlandyrýan goşa
zeýtun baldajygynyň şekili bezeýär. Häzirki wagtda Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň
parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň nyşany bolup, Birleşen Milletler
Guramasynyň ştab-kwartirasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň binalarynyň
öňünde buýsançly parlaýar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes tugumyzyň saýasynda ägirt
uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda
belent sepgitlere ýetilýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň keşbi düýpgöter özgerip,
ýurdumyzyň ähli şäherleri we obalary ajaýyp görnüşe eýe bolýar, Watanymyzyň
ykdysady kuwwaty pugtalanyp, halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar.
Dabara
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu
ýerden ugrady.
***
Şu
gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de dabaralar geçirildi. Olara belli artistler,
aýdym-saz, tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Dabaralarda Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzy, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini wasp edýän ajaýyp aýdymlar
ýaňlandy.
tdh.gov