Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden
etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzyň
gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek
boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň
görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny
pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak,
daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça
döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän
gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze
kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli
ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Geçen
ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda
Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 million tonna sement
öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bu ugurda öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň täze känlerini
ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň
netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli
gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam
edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda täze, döwrebap
önümçiligiň ýanyndaky meýdança geldi we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine
tarap ugrady. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal
welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik
wekilleri bar.
Hemmeler
uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli mübärekleýärler.
Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gaýtalanmajak
öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabaraly çäre üçin ýörite taýýarlanylan
mejlisler jaýyna barýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde çykyş edip, Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň
Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş
dabarasyna gatnaşyjylary bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlady.
Döwlet
Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň
hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny,
şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly
döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar.
Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň
gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär.
Garaşsyz
Diýarymyzda amala aşyrylýan bu ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan
we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurlup ulanmaga
berilýän binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge,
ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär.
Senagat
we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi
berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli
gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden
maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny
ösdürmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala
aşyrylýandygyny aýratyn belledi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy
geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň
gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe
etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga
hem ulanmaga berler.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, senagat we
gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän
gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň
gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli
özleşdirmäge we kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet
berilýändigini belledi.
Ýerli
çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän,
içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän,
innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary
yzygiderli gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün dabaraly
ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň hem bu
aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.
Döwrebap
kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala
aşyryldy. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy
ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir
ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň
sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň
kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp
barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly
laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Döwlet
Baştutanymyz kärhananyň birnäçe binadyr desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a
golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň
döredilendigini belläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň
geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet
çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant
goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi
pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle-de Ahal welaýatynyň ilatyny bu möhüm desganyň
işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk
jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
Soňra
bu ýerde ýerleşdirilen ekranda Bäherden keramiki önümler kärhanasy bilen
tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Soňra Italiýa Respublikasynyň “SACMI Imola Societa
Cooperativa” kompaniýasynyň wekili Mikele Pulpito söz berildi.
Kompaniýanyň
wekili Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen
hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu zawodyň
Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we
döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, kärhana
ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bezeg plitalaryny we 120 müň sany
sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenendir.
Myhman
pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça edýän tagallalary üçin hormatly
Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň bähbidine
durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ýygnananlaryň
şowhunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrine “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň Bäherden keramiki
önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga
bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan
enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara
doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň
«Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica»
kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we
daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde
ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk
taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan
şahadatnamasy gowşuryldy.
Döwlet
Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli
reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde
gurlan sergi binasyna bardy we keramiki bezeg plitalarynyň, sanfaýans
önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa
geçirmekde senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Tutuş ýurdumyzy
gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan
talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň
önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Bu täze kärhanada
öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri
gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak, oňa dünýäniň öňdebaryjy
tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak,
importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň täze önümçiliklerini
döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
aýdyň mysalydyr.
Sergi
binasynda kärhananyň hünärmeni hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen şu
gün açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýurdumyzda
giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy gurluşyk önümleri bilen
üpjün etmäge amatly şertleri döretjekdigini aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada
işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi we onuň işine ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Tolgundyryjy
pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp,
iri senagat desgasyny işe girizýär. Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň öz
işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde
görkezilýär.
Bu
ýerde döwlet Baştutanymyza senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň
adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu
ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi
ýaly, täze önümçilik desgasynda Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary
ornaşdyrylyp, önümçilik amallary awtomatik usulda amala aşyrylýar. Bu ýerde
keramiki önümleriň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, barlaghanada olaryň fiziki
we himiki düzümi, şol sanda agramy, çyglylygy, suw siňdirijiligi, berkligi,
syrçalama barlaglary «SAСMI» kompaniýasynyň ýokary tehnologik enjamlary arkaly ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem önüme goşulýan goşundylaryň mukdary kesgitlenilýär.
Hünärmen
ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanada zähmet çekmäge döreden şertleri üçin
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet
Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, keramiki-bezeg
plitalaryny öndürýän önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi
bilen tanyşdy.
Keramiki
bezeg plitalarynyň önümçiligi çig malyň ýörite kabul ediji bölümlere gelip
gowuşmagyndan başlanýar. Bu ýerde çig mal owradyjy enjamda 50 millimetr
ululykda owradylýar, şeýle hem öndüriljek önümiň tehniki talabyna laýyklykda,
onuň düzümi dozatorlaryň kömegi bilen sazlanylýar. Soňra alnan garyndy has-da
maýdalanylmagy we düzümine suw garylmagy üçin “boll mill” tehnologiýasy bilen
işleýän degirmene gelip düşýär. Bu degirmende tozan görnüşindäki çig mal suw
bilen garylyp, şliker ýagdaýyna getirilýär hem-de alyşmagy üçin ýörite ýerasty
howuzlara geçirilýär. Ýerasty howuzlardan garyndy (şliker) atomizator enjamyna
geçirilýär we gyzgynlyk bilen düzümindäki çyglylyk aýrylyp, gury tozan
ýagdaýyna getirilip, ýörite konweýerler arkaly 16 sany ätiýaçlyk ammaryna
ýygnalýar hem-de üznüksiz ýagdaýda önümçilik tapgyryna ugradylýar.
Önümçiligiň
ikinji basgançagynda taýyn garyndy ýörite konweýerler arkaly presleme bölümine
geçirilýär. Konweýerler arkaly gelen garyndy presiň galybyna deň derejeli
paýlaýan bölüme birigýär. Pres galyplary dolandan soňra, ýokary basyşly
gidrawlik pres bilen her inedördül santimetre 340-dan 500 kilograma çenli
agyrlyk bilen basylýar. Soňra plitalaryň düzüminden çygy aýyrmak üçin önümler 5
gatly gorizontal guradyjy enjama geçirilýär. Zawodyň tehnology tarapyndan
gyzgynlyk derejesi sazlanan guradyjy ulgama girizilenden soňra, guratma işi
doly awtomatik usulda amala aşyrylýar. Guradyjydan çykan plitalar syrçalama
tapgyryna geçirilýär. Bu bölümde plitalaryň ýüzüne yzygiderlilikde angob sepilip,
syrça çaýylýar. Munuň özi önümleriň berk hem suwa çydamly bolmagyny üpjün
edýär. Soňra plitalar printer arkaly bildirilen talaba we islege laýyklykda
bezelýär.
Bu
amallardan soňra plitalaryň berkligini uzak wagtlap saklamagy üçin olaryň ýüzi
gaýtadan syrçalanylyp, guradyjy peçde 1 müň 230oС derejede bişirilýär. Peçden çykan önümler
ýalpyldatmak üçin awtomatik usulda rektifikasiýa tapgyryna geçýär. Bu tapgyrda
plitalaryň gyrasy kesilip, ýylmanýar hem-de birmeňzeş ölçege getirilýär.
Rektifikasiýadan çykan ähli önümler awtomatik usulda işleýän robot daşaýjylar
bilen desganyň içindäki wagtlaýyn saklama bölümlerine toplanylýar. Bu
bölümlerdäki önümler robot daşaýjylar bilen ýalpyldatma bölümine geçirilýär.
Ýalpyldatma tapgyrynda plitalaryň üstündäki önümçilik tozanlarydyr gyryndylar
aýrylýar.
Estetiki
amallar tamamlanandan soňra, önümler gaplama bölümine ugradylýar. Önümiň hilini
kepillendirmek üçin taýyn önümler sanly tehnologiýalar bilen doly barlagdan
geçirilýär. Önümiň hili ýörite hünärmen tarapyndan tassyklanylýar. Her bir
plita baradaky maglumatlar tertiplenilip, soňra plitalar gutulara gaplanýar.
Gutularda hem önümiň hili, kalibr, şekil aýratynlyklary bilen bagly maglumatlar
bellenilýär. Önümçilik desgasynyň ähli bölümlerinde robotlaşdyrylan daşaýjylaryň,
awtomatik konweýerleriň ulanylmagy bu desganyň iň täze “Senagat 4.0”
çemeleşmesi esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi önümçilige
maglumat, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylandygyny we önümçilik
amallarynyň awtomatlaşdyrylandygyny aňladýar.
Hormatly
Prezidentimiz keramiki bezeg plitalaryny öndürýän önümhanada işleýän
hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny belläp, olaryň ýokary tehnologik
enjamlara ussatlyk bilen erk etmeginiň ýurdumyzda innowasion tehnologiýaly
önümçiligi ýola goýmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine
ynam bildirdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyna bardy we bu ýerde önümçilik
bilen tanyşdy.
Sanfaýans
önümleri ak toýun, kaolin, feldşpat, kwars çig mallaryndan öndürilýär. Ýapyk
ammara ýygnalan çig mal ýörite bölümlere kabul edilýär. Soňra çig mal
konweýerler arkaly degirmene geçirilýär. Degirmende garylyp, üwelip, şliker
ýagdaýyna getirilen çig mal, yzygiderlilikde ýerasty howuzlara ugradylýar.
Taýýar bolan şliker, turbageçirijiler arkaly adaty we mehaniki guýma
enjamlaryna iberilýär. Adaty guýma enjamlarynda gips galyplar ulanylýar. Gips
galyplara basyş arkaly şliker doldurylandan soňra, sanfaýans önüminiň şekili
emele getirilýär. Bu önümler degişli amallardan geçirilip, ýörite bölüme
daşalýar. Sanfaýans önümleriniň önümçiliginde adaty guýma bilen bir hatarda,
mehaniki guýma enjamy hem göz öňünde tutulandyr. Mehaniki enjamda şliker
önümçilik galyplaryna uly basyş bilen berilýär. Bu usul has uly mukdarda
öndürilýän önümleri şekile getirmek üçin niýetlenendir.
Soňra
önümler guradyjy enjamlarda awtomatik usulda guradylýar. Guradyjydan çykan
önümlere hünärmenler tarapyndan arassaçylyk işleri we barlaglar geçirilýär.
Barlagdan geçirilen önümler syrçalamaga taýýarlanylýar. Taýýar önümler estetik
owadanlygyny, suwa çydamlylygyny, gigiýeniki häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin
syrçalanmaga başlanýar. Syrçalama her önümiň görnüşine görä amala aşyrylýar.
Syrçalanan önümler ýörite meýdanda peç arabalaryna düzülýär. Dolan arabalar
peje ýerleşdirilenden soňra, 1 müň 200°C derejä çenli gyzdyrylýar. Bu peç
syrçany taplap, önümi guradýar. Taýýar önümleriň peçde dogry şertlerde
saklanmagy önümleriň owadanlygyny we daşky täsirlere çydamly bolmagyny üpjün
edýär. Peçden çykan önümler hil barlagyndan geçirilip, bildirilýän talaplara
görä gaplanylýar.
Döwlet
Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyndan çykyp, Bäherden keramiki önümler
kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny
gowşurdy.
Kärhananyň
ýolbaşçysy döwrebap önümçilik desgasyny gurduryp berendigi hem-de Şa serpaýy
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza kärhananyň işgärleriniň adyndan çäksiz
hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet
ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp,
dikuçar meýdançasyna bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Robotlaşdyrylan
hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň
enjamlary bilen üpjün edilen, 30 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap
önümçilik kärhanasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan
gurluşyklary türkmen topragynyň baý çig mal binýadynda ýokary hilli gurluşyk
serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň
üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna
beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen şu günki açylyş
dabarasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli
özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilmegi esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly
ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
tdh.gov