Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik
Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid
Kemerony kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we
Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de
Premýer-ministri Rişi Sunagyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dewid
Kemerony myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Beýik Britaniýanyň
we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna hem-de
Premýer-ministrine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle-de şu gezekki saparyň
iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde
möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, Beýik Britaniýa Türkmenistanyň Ýewropa
sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletara gatnaşyklar birek-birege
hormat goýmak, dostluk, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp
ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.
Hormatly Prezidentimiz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de onuň Şa zenan
maşgalasyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin Beýik Britaniýa amala
aşyran iş saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Onuň
Alyjenaby bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyk tassyklanyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň,
howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara
hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Biz daşary ýurtlar bilen dostluk,
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde
halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris
diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan
abraýly guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy,
dialog medeniýetini ilerletmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürdi we
olar giň goldawa eýe boldy. Ýurdumyzyň ählumumy wehimlere garşy göreşmekde,
sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekde alyp barýan işlerine
ýokary baha berildi.
Ynsanperwer syýasat barada aýdylanda, Türkmenistan
tarapyndan halklara ynsanperwer kömekleriň yzygiderli iberilýändigi bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş
Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny
goldaýandygy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da,
ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen “2025-nji ýyl —
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň goldanylandygy üçin
hoşallyk beýan edildi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp,
ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda
netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň
bilen birlikde, bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Taraplaryň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň
mümkinçiliklerini giňden ulanmak maksadalaýykdyr. Nebitgaz pudagy, oba
hojalygy, täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, britan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp
barmagy goldanylýar.
Howanyň üýtgemegi we onuň adamzadyň durmuşyna ýetirýän
zyýany bilen baglanyşykly meseleler duşuşygyň dowamynda ara alnyp
maslahatlaşylan wajyp ugurlaryň biri boldy. Häzirki wagtda bu meseleler halkara gün tertibinde
möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara
jemgyýetçiligiň bu ugurdaky tagallalaryny doly goldaýandygyny we “ýaşyl” ösüş
ugrunda anyk işleri amala aşyrýandygyny belledi.
Türkmenistan geçen ýyl Dubaý şäherinde geçirilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) dowamynda Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.
Munuň özi ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýändiginiň ýene-de bir güwäsi boldy.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer
ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny
bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň
işjeňleşdirilmelidiginiň zerurdygyna üns çekildi. Britan tarapynyň bilim
ulgamynda, hususan-da, bilim maksatnamalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak
we iňlis dilini okatmaga ýardam bermek babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy
beýan edildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça
Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ähli
başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.