Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz
adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Gadymy döwürlerden bäri halkyň ruhy taýdan
kämilleşmegine we jebisleşmegine ýardam bermek bilen, Bahar baýramy parahat
hem-de abadan durmuşda ýaşamaga bolan ýagşy islegleri özünde jemleýär” diýip,
hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda belleýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki
wagtda türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň strategik we uzak möhletleýin
häsiýete eýedigini nygtap, bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek
arkaly Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary iki ýurduň halklarynyň
bähbidine mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si
Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň
dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
tdh.gov