Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi
mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy
dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban
halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.
Pespälligi
mylaýymlyk, kanagaty sahylyk, päkligi asyllylyk, bilimi danalyk, dogruçyllygy
hoşamaýlyk, ýagşylygy jomartlyk, gülerýüzlüligi dostluk hasaplan
ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň ulgamynda nusgalyk maddy we ruhy
hazynalary, milli däpleri, ynanç-adatlary, belent ruhy-ahlak ýörelgelerini
hem-de taglymatlaryny döredipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bu gymmatly genji-hazynanyň gadyr-gymmaty has-da ýokary derejä çykyp,
adamzady doganlaşdyrýar, geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýär.
Jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, şol bir wagtyň
özünde-de nesillerde milli buýsanjy pugtalandyrýar. Bu gymmatlyklaryň arasynda
beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr
gijesiniň dessurlary aýratyn orny eýeleýär. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda
bolşy ýaly, olar biziň günlerimizde hem musulman dünýäsi bilen birlikde mynasyp
dowam etdirilýär.
Haýyr-sahawatly
bu mukaddes gijede agzaçar sadakalary berlip, gadymy hem-de häzirki zaman
binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde tarawa namazy
okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň berkararlygy,
rowaçlygy, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, Ýer ýüzüniň
parahatçylygy, asudalygy üçin doga-dilegler edilýär.
Ynsana
gadyr goýmak, haýyr-sogaply işleri iň ýagşy günler bilen baglanyşdyrmak beýik
nesilbaşymyz Oguz han Türkmenden gaýdýan, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary
gymmatlygy adamdyr diýlip yglan edilen biziň döwrümizde mynasyp dowam
etdirilýän milli ýörelgämizdir. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda hem mübärek Gadyr gijesiniň hormatyna beýik ata-babalarymyzyň wesýet
eden, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä
ýetirilen rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini, milli ýörelgelerini
goldanyp, iş kesilenleriň günäsini geçip, olaryň maşgala agzalarynyň arasyna
gowuşmaklary üçin zerur şertleri döredýäris. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowam etdirilýän belent ynsanperwerligimizdir we
milli ýörelgelerimizdir, barha pugtalandyrylýan agzybirligimizdir, Zemine
dolýan bagtyýarlygymyzdyr, rowaçlygymyzdyr.
Hormatly adamlar!
Döretmek
we gurmak biziň ähli ösüşlerimiziň, täze belentliklerine tarap öňe hereket
etmegimiziň hem-de berkarar döwletliligimiziň ýoludyr. Beýik pederlerimiziň iň
belent we asylly arzuwlaryndan kemala gelen bu ýol bizi bagtyýar durmuşa
ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ýola eýerip, demokratik,
hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris, giň gerimli, okgunly,
tutumly işleri üstünlikli amala aşyryp, Watanymyzyň pajarlap ösüşini üpjün
edýäris. Döredijilikli zähmetimiz, eziz Diýarymyza bolan beýik söýgimiz,
onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde
tutýan maksatnamalarymyz esasynda ykdysadyýetimizi yzygiderli
döwrebaplaşdyrýarys. Berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň artmagynyň, mähriban
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynyň bähbidine
gönükdirilen önümçilik, inženerçilik we durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän
täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşyklaryny depginli dowam etdirýäris.
«Döwlet
adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen
döwletdir!» diýen taglymatlarymyzyň esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli,
umumadamzat ähmiýetli işler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, gaýnap-joşýan
bagtyýar durmuş halkymyzy beýik işlere hem-de halal zähmete galkyndyryp, kalbymyzda
Garaşsyz döwletimize egsilmez buýsanç duýgularyny has-da pugtalandyrýar.
Geljekde-de abadançylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýarlygyň hatyrasyna ägirt uly
işleri amala aşyrarys, kuwwatly täze kärhanalary, önümçilik merkezlerini,
döwrebap şäherleridir obalary gurarys. Bereketli topragymyzdan Ýer ýüzüne
uzaýan parahatçylyk, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk ýollary arkaly dünýä ýurtlary
bilen gatnaşyklary has-da berkideris.
Eziz watandaşlar!
Sizi
mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek
Oraza aýynyň sahawatly günlerinde hem-de Gadyr gijesinde amal edýän
tagat-ybadatlaryňyz, agzybirligimiz we abadançylygymyz, dünýäde abraýy barha
belende galýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň berkararlygy, rowaçlygy üçin edýän
doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze
belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
Berdimuhamedow.
tdh.gov