Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik
maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler
geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin
hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt
kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly
türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.
Pursatdan peýdalanyp, Erik Stýuart Türkmenistanyň
gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny
aýtdy. Işewür Türkmenistanda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini
gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça
durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Şeýle-de
ol Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara
jemgyýetçilikde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Işewür ýurdumyzyň gözel
tebigatyny aýawly saklamak babatda alnyp barylýan işlerde türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyjy bilen binýady goýlan ekologiýa syýasatynyň netijelerini görmek
bolýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini,
Türkmenistanyň bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça
“2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”; “Merkezi Aziýa —
parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”; “Birleşen Milletler
Guramasynyň oýunlary”; «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky
Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki
tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy we ABŞ-nyň bu Kararnamalary ilkinjileriň hatarynda goldandygy
üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine
ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça
halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýandygyny belläp,
2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň giňden
belleniljekdigini we bu şanly sene mynasybetli köp sanly halkara çäreleriň
geçiriljekdigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary
Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň
arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara
hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunda
söwda-ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda
amerikan kompaniýalarynyň wajyp orny bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda
möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli
hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ony ösdürmekde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşine
aýratyn orun degişlidir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony
giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Gahryman
Arkadagymyz öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynyň strategik
taýdan möhüm pudaklarynda üstünlikli işleýändigini, Türkmenistan bilen
hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän amerikan işewürleriniň sanynyň ýylsaýyn
artýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň
türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mazmun
bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de özara gatnaşyklary ösdürmäge
goşýan şahsy goşandy üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine
ýetiriji direktory Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi.
tdh.gov