3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy
taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw»
sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny
amala aşyrdy.
Hajy Arkadagymyz gadymdan gelýän
däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp,
mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara
beslenmegini ýörelge edinen halkymyzyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň
aýdyň beýany boldy.
Milli Liderimiz bu ýerde iki rekagat namaz
okap, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi,
onuň at-abraýynyň has-da belende galmagy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşiň hem-de rowaçlyklaryň belent
sepgitlerine ýetmegi üçin doga-dileg etdi. Tutuş yslam dünýäsinde mukaddes
saýylýan toprakda Käbä zyýarat edip, okan doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň
dergähinde kabul bolsun, hajy Arkadagymyz!
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mekge
şäherinden sammitiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Saud
Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäheriniň Patyşa Halid adyndaky Halkara howa
menziline gondy. Sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen
howa menzilinde düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny
resmi adamlar garşyladylar.
Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzyň
Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen söhbetdeşligi boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda
Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Saud Arabystany bilen özara
bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Milli Liderimiz “Bitewi suw” sammitiniň
ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga mümkinçilik
döretjekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň BMG-niň çäklerindäki
hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy
göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek,
gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň
halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul
edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän
“Bitewi suw” sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri
bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary
utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga
gönükdirilendir.
Türkmenistan hemişe suwuň dünýä halklarynyň
umumy gymmatlygy bolup durýandygyny hem-de her bir adamyň arassa agyz suwuna
elýeterliliginiň üpjün edilmegini, bu meseläniň ýurtlaryň her biriniň
bähbitlerini nazarda tutup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary
esasynda çözülmelidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda
geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman suw sammitinde eden çykyşynda: “Biz suw
serişdelerine deň we adalatly elýeterliligiň üpjün edilmegi hem-de onuň adamyň
esasy hukugy hökmünde ykrar edilmegi ýörelgesine gyşarnyksyz ygrarlylygyň bu
ugurda bilelikdäki işiň baş şerti bolmalydygyna berk ynanýarys. Biziň
pikirimizçe, hut suwa elýeterlilik hukugynyň üpjün edilmegi we munuň üçin
jogapkärçilik ähli döwletleriň borjy bolmalydyr” diýip bellemegi munuň aýdyň
güwäsidir.
Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä
jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp
barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen
baglanyşykly ençeme resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon
gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we
halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk
ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž
ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, bu resminamalardan
gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ösüş
maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we
beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde
maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň suw meselesi babatda öňe sürýän
başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şunda ýurdumyz öz toplan baý
tejribesini hem-de döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmegi
ugur edinip, Merkezi Aziýada ýüze çykýan suw we ekologik meselelere sebitiň
ähli ýurtlarynyň bähbitlerini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň işjeň
gatnaşmagynda garalmagy ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän anyk
başlangyçlary, şol sanda suw meseleleri boýunça köptaraplaýyn diplomatik
geňeşmeleriň täze görnüşi hökmünde suw diplomatiýasyny ilerletmek babatda beýan
edýän teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri,
ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek
boýunça wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Garagum sährasynda “Altyn
asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzyň milli derejede durmuşa geçiren iri
taslamalarynyň biridir. Bu täsin gidrotehniki ulgamyň gurulmagy möhüm ekologik,
ykdysady, durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge, Türkmenistanda, şeýle hem
tutuş Merkezi Aziýa sebitinde uzak möhletleýin ekologik abadançylygy üpjün
etmäge ýardam berýär.
...Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammitiň geçirilýän ýerine — “The
Ritz-Carlton” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Saud
Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin
Salman bin Abdelaziz Al Saud, Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel
Makron, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Bütindünýä
bankynyň başlygy Ajaý Banga garşylady.
Döwlet hem-de Hökümet Baştutanlaryny, halkara
guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de wekillerini bir ýere jemlän sammitiň gün
tertibine bu möhüm ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze çözgütleri kabul etmek
bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet
ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasy boldy.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer
Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud sammiti
açyp, oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de şu gezekki duşuşygyň suw
serişdeleriniň ählumumy dolandyrylmagyny kämilleşdirmek boýunça Birleşen
Milletler Guramasynyň alyp barýan işine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki
bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetlerine
ählumumy gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri çözmäge ýardam etjek bu
foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde
suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi
bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we
abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we
adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we
geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert
bolup çykyş edýär.
Suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň
netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylar iki sany esasy düzgüne, ýagny suw
serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz
eýermelidir diýip hasap edýäris. Türkmenistan suwy ulanmaga halklaryň, her bir
adamyň tebigy hukugynyň bardygyny hemişe berk we üýtgewsiz beýan edýär. Bu kadany geljekde-de
Merkezi Aziýa üçin ähli aýdyňlygy bilen ulanarys. Sebitde suw serişdeleri
birnäçe taryhy, medeni we tebigy-geografik ýagdaýlar sebäpli, aýratyn
gymmatlyga hem ähmiýete eýedir. Biziň sebitimizde suw ykdysady, durmuş
abadançylygynyň, adamlaryň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini hem-de hilini
kesgitleýän aýgytly şert bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şundan
ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw
meselesiniň ähli toplumyna seredilende şu üç möhüm kadadan ugur almalydygyna
ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi — halkara hukugyň berjaý edilmegi. Suw
serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar,
hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda
düzgünleşdirilmelidir. Ikinjisi — özara bähbitleriň hasaba alynmagy. Kabul
edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde
tutmalydyr. Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler.
Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasynyň çekilmegidir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we suw bilen bagly
başlangyçlara Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynyň olaryň
kanunalaýyklygyny, netijeliligini berkitjekdigine ynam bildirdi.
Merkezi Aziýada hoşniýetli
goňşuçylygy, ösüşi, hyzmatdaşlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, sebitiň
serhetüsti derýalarynyň suwundan peýdalanmagyň usulyny ýola goýmak zerur bolup
durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda
suwdan peýdalanmak boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan sebit geňeşini
döretmek başlangyjyna seretmegi teklip etdi. Şeýle hem Amyderýa we Syrderýa
boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalaryny kabul etmegi
çaltlandyrmagy öňe sürdi. Bu geňeş Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisi bilen
ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, suw hojalygyny dolandyrmagy utgaşdyrar. Sebitiň
pudaklaýyn düzümleriniň arkalaşykly işlemegini gurar, suwdan peýdalanmagyň
hukuk esaslaryny işläp taýýarlar. Biz Türkmenistanyň bu başlangyjynyň öz
wagtynda öňe sürlendigine ynanýarys hem-de ol amala aşyrylanda, ýakyn geljekde
sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ösüşi üpjün etmäge ukyplydyr diýip hasap
edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Gahryman Arkadagymyz howanyň
üýtgemeginiň suw bilen bagly ýagdaýlara ýetirýän täsirine ünsi çekip, howanyň
gyzgynlygynyň ýokarlanmagynyň, buzluklaryň azalmagynyň we ygalyň düzgüniniň
üýtgemeginiň diňe bir bu ýagdaýlara uýgunlaşmagy däl-de, eýsem, bilelikde
gyssagly çäreleri görmegi hem talap edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri buzluklaryň Türkmenistandan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, olaryň
ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, buzluklaryň sebitde
ýaşaýşyň, oba hojalygyny, ekoulgamyň esasy serişdesi bolan Amyderýa ýaly
derýalaryň tebigy çeşmeleri bolup durýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz diňe
häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly buzluklary gorap saklamagyň
mümkindigine ynanýandygyny belläp, Türkmenistanyň buzluklara gözegçilik etmek,
olary barlamak we goramak, şol sanda howanyň durnuklylygyny saklamak boýunça
çözgütleri amala aşyrmak baradaky halkara başlangyçlara gatnaşmaga taýýardygyny
tassyklady.
Durnukly ösüş maksatlaryny amala
aşyrmaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy
düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Şolaryň hatarynda
altynjy maksady, ýagny arassa suwa deň elýeterliligi üpjün etmegi biz milli
taýdan ileri tutulýan wezipe diýip hasap edýäris diýip, Milli Liderimiz sözüni
dowam etdi hem-de ýurdumyzda bu maksady durmuşa geçirmek üçin täze suw
desgalaryny gurmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen
ulgamlary ösdürmek işleriniň yzygiderli esasda alnyp barylýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, halkara standartlar we iň gowy tejribeler esasynda
gidrotehniki desgalaryň işlemegi üçin birnäçe ýörite maksatnamalaryň kabul
edilendigine üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Amyderýanyň suwuny rejeli
peýdalanmak meselesine Türkmenistanyň milli we sebit ösüşi üçin örän möhüm
wezipe hökmünde garaýandygyny aýratyn belläp, ýurdumyzda suw ýitgilerini
azaltmak üçin suwaryşyň häzirki zaman usullarynyň, suw tygşytlaýjy
tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem-de beýleki zerur çäreleriň geçirilýändigini
aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen
Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp
taýýarlamak we Aral meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmek
barada Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça
kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly iki sany Kararnamasynyň bu babatda
netijeli halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýandygyny
belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy bu guramanyň Aziýa — Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň
«Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny
döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy barada aýdyp, Türkmenistanyň
bu örän möhüm resminamalaryň kanunlaşdyrylmagyna Aral meseleleri boýunça ähli
halkara işleriň kesgitleýji ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bu
soragda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we gaznanyň Döwletara
utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň işine örän aýratyn orun degişlidir. Bu
düzümler möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri çözmegiň üstünde işleýär. Şoňa
görä-de, olaryň işi diňe bir gazna gatnaşyjy döwletleriň ýardam bermegine
däl-de, eýsem, giň we yzygiderli halkara goldawa hem daýanmalydyr.
Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanyň suw serişdelerini dolandyrmagyň netijeli we durnukly ulgamyny
döretmek üçin dünýä bileleşiginiň öz tagallalaryny birleşdirmäge ukyplydygyna
ynanýandygyny belläp, munuň üçin sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň, ylmy
barlaglary işjeň alyp barmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny
nygtady. Milli Liderimiz ýakyn wagtda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkeziniň işläp başlajakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň bu täze
düzüme öz wezipelerini we maksatlaryny netijeli amala aşyrmak üçin doly ýardam
berjekdigini hem-de iň amatly şertleri döretjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň suw meselesi boýunça Birleşen Milletler
Guramasy we beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler, goňşy ýurtlar hem-de
hyzmatdaşlar bilen aýdyňlyk we adalatlylyk, özara jogapkärçilik, bähbitleri hasaba
almak esasynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardygyny
tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz pursatdan
peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona, Saud Arabystany
Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin
Abdelaziz Al Sauda häzirki döwürde örän möhüm ähmiýete eýe bolan meselelerde
başlangyçly çykyş edýändikleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde Merkezi Aziýada suw meselesiniň
ähli toplumyna seredilende üç möhüm kadadan: halkara hukugyň berjaý
edilmeginden; özara bähbitleriň hasaba alynmagyndan; bu işe halkara
guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmeginden ugur
alynmalydyr diýip, bu möhüm meselede beýan eden garaýyşlary BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasarynyň hem-de sammite gatnaşyjylaryň uly goldawyna eýe
boldy. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň
Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan
Türkmenistanyň alyp barýan suw diplomatiýasyna ýokary baha bermek bilen,
häzirki wagtda ýurdumyzyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça dünýä
halklarynyň bähbidine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň nusgalykdygyny
belledi.
Şeýlelikde, Gahryman
Arkadagymyzyň “Bitewi suw” sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň ählumumy meseleleri
çözmekde halkara bileleşigiň tagallalaryna öz goşandyny goşmaga ygrarlydygyny
we bu ugurda başlangyçly çykyş edýändigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen
görkezdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.
tdh.gov