Düýn
türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler
ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin
meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil
sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň
taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar
howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň
gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň
taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty
kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini
synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy
bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir.
Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr. Soňra Gahryman Arkadagymyz
bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz
Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde
döredilen ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli
birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri,
gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde
medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket
edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini
aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony
seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi
maslahat beripdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şol gün ýaşaýyş
toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik
toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanmaýandygyny, ýaryş geçirilende
ýokary tizlikde hereket edýän, gaty sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny
bozup bilýändigini aýdyp, şeýle-de bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň
artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürüpdi. Adam
hakyndaky aladany esasy ugur edinýän bu başlangyç uly goldawa eýe boldy. Şunuň
bilen baglylykda, içeri işler ministri ýakynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimize Awtomobil sport toplumyny göçürmek
boýunça degişli işleri ýerine ýetirmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Döwlet
Baştutanymyz bu babatdaky işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna jogapkärçilikli
çemeleşmegi tabşyrdy.
Şunuň esasynda, Gahryman Arkadagymyz berlen
tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we toplumyň ýerleşjek çäginiň aýratynlygy bilen
ýerinde tanyşmak, bu barada degerli maslahatlary bermek üçin bu ýere
gelendigini aýtdy. Bu ýerde toplumyň binalarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary
we desgalaryň aýratynlyklaryna, enjamlaşdyrylyşyna, bezeg işlerine degişli
taslamalar görkezildi.
Awtomobil sport toplumynyň guruljak ýeriniň umumy
meýdany 71 gektar bolup, ol paýtagtymyzdan 40 kilometrden gowrak demirgazykda
ýerleşýär. Toplumy gurmak üçin kesgitlenen künjegiň amatlydygyny belläp, Milli
Liderimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar boýunça birnäçe maslahatlaryny berdi.
Täze toplumyň desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça taslamalaryň üç
toplumy teklip edilýär. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tassyklap
beren taslamalar toplumynda görkezilýän binalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Taslamada görkezilişi ýaly, merkez iki bölekden ybarat bolup, olarda awtomobil
sporty boýunça türgenleşikleri geçirmek, sport ulaglaryny ýaryşlara
taýýarlamak, türgenler bilen okuwlary geçmek, halkara derejeli ýaryşlary
guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem
toplumyň binalarynyň biriniň nyşany hökmünde ahalteke bedewiniň, beýlekisi üçin
bolsa alabaýyň şekili saýlanyp alnypdyr.
Milli Liderimiz ýurdumyzda awtomobil sportunyň
ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini nygtap, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
yzygiderli berkidilmeginiň, bu ugur bilen meşgullanýan türgenleriň
ussatlyklaryny artdyrmak, olaryň halkara derejedäki ýaryşlara gatnaşmagy bilen
baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny
aýtdy. Munuň özi türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary
netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip,
Gahryman Arkadagymyz türkmen türgenleriniň “Ýüpek ýoly — 2024” halkara
awtoralli ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp
bolandyklaryny belledi.
Milli Liderimiz täze toplumyň ähli görkezijiler
babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde dünýä
ýaryşlaryny, awto we motosportuň dürli görnüşleri boýunça, şol sanda kiçi
göwrümli sport ulaglarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur
şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Şunda halkalaýyn bäsleşik
ýollarynyň gurulmagy, dürli päsgelçilikli menzilleriň çekilmegi we çylşyrymly
şertleri özünde jemleýän uzak aralyk boýunça awtomobil ýaryşlarynyň geçirilmegi
üçin mümkinçilikleriň nazara alynmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Awtomobil sport
toplumynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagy bilen tanyşdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow sport ulaglaryny
synagdan geçirmek we tehniki mümkinçiliklerine baha bermek babatda tejribe
toplan Milli Liderimizden täze sport ulagyny synagdan geçirip bermegini haýyş
etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi
ýaly, ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine
ýetirmek, şunda ýoluň we howanyň derejesini kesgitlemek, ulagyň tehniki
aýratynlyklaryny nazara almak awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlere
bildirilýän esasy talaplardyr. Hormatly Arkadagymyz sport ulagyny dolandyryp,
onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Sport awtoulagy Milli
Liderimiziň dolandyrmagynda sähra ýollary boýunça çylşyrymly menzilleri geçdi.
Şu günler Garagum sährasynyň gözelliginde üýtgeşik
özüne çekijilik duýulýar. Arassa çägeleriň sähranyň ösümlik dünýäsi bilen
utgaşmagy hem-de gyş paslynyň salkyn howasy bu ýerleriň ekologik derejesiniň
ýokary bolmagyny üpjün edýär. Munuň özi türkmen topragynyň ähli künjeginiň, şol
sanda ajaýyp giňişlikleri bolan sähranyň sahawatyndan habar berýär.
Soňky ýyllarda awtomobil sportuny ösdürmek boýunça
alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk
bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyz
sportuň adamlarda, aýratyn-da, ýaşlarda maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň
hereket etmek endiklerini terbiýelemekde ähmiýetlidigini yzygiderli nygtaýar.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Aral sebitiniň
ekologik derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara giňişlikde bilelikdäki
taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, Aralýaka
sebitinde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy bu ugurdaky işleriň
netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde milli awtomobil
sporty mekdebi barha kämilleşýär. Sport awtoulaglarynyň hatary täze ulaglar
bilen yzygiderli artdyrylýar.
...Gahryman Arkadagymyz täze sport ulagynyň özboluşly
aýratynlyklaryny we onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.
Ýeri gelende, ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy
esasynda 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň
üstünlikli geçirilendigini bellemek ýakymly. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň
gatnaşyp, awtoralliniň geçýän ugry boýunça kesgitlenen menzili geçmekde ýokary
netije görkezendigi hemmeleriň ýadyndadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň
ençeme gezek sport awtoulaglarynda çykyş edip, gazanan ajaýyp ýeňişleri
ýurdumyzyň awtomobil sportunyň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ähli
meýilleşdirilen işleriň degişli derejede geçirilmegi, gurluşyklaryň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegi we şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň işjeň
ulanylmagy üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyz
toplumyň bina ediljek ýerinden aýrylýan arassa ak çägeleriň ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde gurulýan çagalar baglarynyň, sebitlerdäki çagalar meýdançalarynyň
zerurlyklary üçin ulanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Çünki bu
künjegiň ak çägeleri arassalyk babatda ýokary ekologik derejä doly laýyk
gelýär. Merkeziň çäginde awtomobil sporty boýunça türgenleri taýýarlamak bilen
bir hatarda, türgenleriň awtoulaglary dolandyrmakda hünärini kämilleşdirmek,
ýollarda hereket sazlaşygyny üpjün etmek ukybyny we kesgitlenen tertip-düzgüni
berk berjaý etmek endiklerini ösdürmek zerurdyr diýip, Milli Liderimiz nygtady
hem-de bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awto we motosportuň
dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, geljekde halkara
derejedäki awtoralli ýaryşlarynyň guralmagy babatda degişli işleri geçirmegiň
zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda golf
meýdançalaryna bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny nazara alyp, paýtagtymyzda
hereket edýän meýdança ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem golf
meýdançasyny gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy babatda
maslahatlaryny berdi. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
yzygiderli berkidilmeginde örän ähmiýetlidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu künjegiň tebigy
aýratynlygynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap bolup durýar. Şu maksat bilen,
Garagum sährasynda sazagyň we beýleki çöl ösümlikleriniň 8 million 320 müň
düýbüniň ekilmegi meýilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz Garagum sährasynyň
ösümlik dünýäsiniň baýlaşdyrylmalydygyny, sazak, sözen ýaly syrdam çöl
agaçlarynyň köpçülikleýin ekilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy we
hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov