Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman
Arkadagymyz “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy
meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli
ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Milli
Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda işler häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede dowam
etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherine barýan ýollaryň ýanaşyk
ýerlerini abadanlaşdyrmak, ýol ýakalarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän
heýkelleriň, bezeg serişdeleriniň görnüşlerini kesgitlemek boýunça
maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly ösüşinde we ony abadanlaşdyrmakda möhüm
ähmiýeti bolan işler barada giňişleýin maglumat berýän birnäçe şekil
taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda
oturdylmagy meýilleşdirilýän bedewleriň şekilleri görkezildi. Şekil taslamalary
barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy
boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabat berdi. Häzirki zaman
talaplaryna laýyklykda abadanlaşdyrylýan şaýoluň ugrunda ady rowaýata öwrülen
bedewleriň heýkelleri oturdylar. Olary döwrebap binagärlik çözgütlerini özünde
jemleýän binýatlaryň üstünde oturtmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de Gahryman
Arkadagymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, heýkeliň binýadynda bedewleriň
taryhyna, gelip çykyşyna degişli ýazgylar ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden
milli gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi ýaş
nesillerde halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýginiň
has-da artmagyny şertlendirer.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň
gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň
dowamynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen
gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den
gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk
klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň
5-si işleýär. Şeýle-de D.Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny
amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň
binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen
ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin
hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge
bolan gyzyklanmalary barha artýar. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek
maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan
işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, Arkadag şäherinde guruljak döwrebap
awtomenziliň we ikinji tapgyrda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik
toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge
gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.
Gahryman
Arkadagymyz şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, gurluşyk we bezeg
işlerinde milli binagärlik ýörelgelerine, serişdeleriň berkligine, uzak
möhletleýinligine zerur üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi alnyp barylýan işleriň
ýokary hil derejesinde bolmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji
tapgyrynda önümçilik toplumlary bilen bir hatarda durmuş maksatly binalaryň
gurluşyklarynyň hem dowam edýändigini belläp, desgalaryň taslamalary
taýýarlananda, ilkinji nobatda, olaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen
sazlaşmagynyň, ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, şäheriň ekologik
derejesiniň saklanmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi.
Binalaryň gurluşygynyň, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň ugurdaş
düzümlere degişli desgalar bilen sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň häzirki zaman
talaplaryna laýyk gelmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe
maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda
önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň
ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna
eksport edilmegi barada-da birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Arkadag
şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde Türkmen
bedewiniň milli baýramyna görülýän toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi. Şeýle-de häkim Monako Knýazlygynda iş saparynda bolup, ikitaraplaýyn
şäherara gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga
döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
hoşallyk bildirdi. G.Mämmedowa hasabatyny dowam edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guraljak dabaralaryň, halkara
çäreleriň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň şäheriň ýaşaýjylary üçin uly
hormatdygyny belläp, bu babatda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şanly senäniň hormatyna ýurdumyzyň atşynaslar
toparyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy meýilleşdirilýär.
Hormatly
Arkadagymyz milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän Türkmen bedewiniň milli
baýramynyň täze şäherde geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyny aýtdy. Çünki
ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda şanly senäniň hormatyna dabaralaryň
guralmagy halkymyzyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesine doly
kybap gelýär. Şunda Milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen halkara çäreleriň,
dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli
düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Halk
Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny jemläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň her bir gününiň şanly wakalara, zähmet ýeňişlerine beslenýändigini
aýdyp, baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen işlerde üstünlikleri arzuw etdi.
Hajy
Arkadagymyzyň hepdäniň çarşenbe güni täze şäherde metjidiň gurulýan ýerine
gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşmagy paýhasly pederlerimiziň ýagşy
dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir güwäsi boldy.
Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow
Milli Liderimize täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.
Soňky
ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda häzirki zaman
binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap metjitler gurlup ulanmaga
berildi. Türkmençilikde “Allanyň öýi” hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi
ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan haýyr işleriň häzirki
döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam
etdirilýändigini görkezýär.
Metjitleriň
binalar toplumynyň çäginde sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek
üçin ugurdaş desgalar hem gurulýar. Şol bir wagtyň özünde haýyr-sahawatyň,
ýagşy işleriň amal bolýan mekany hasaplanýan metjitleriň özboluşly binagärlik
çözgütlerine eýe bolmagyna, olaryň gurluşygynda ýokary hilli gurluşyk, bezeg
serişdeleriniň ulanylmagyna zerur üns berilýär. Şunda olaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagy-da möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Metjitleriň daşky
görnüşinde bolşy ýaly, içki timarlaýyş işlerinde-de ýokary hilli serişdeler
peýdalanylýar. Keramatly Gurhanyň sürelerini beýan edýän ýazgylar olaryň esasy
bezegleri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda raýatlaryň dini dessurlary erkin
ýerine ýetirmekleri üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň mysalydyr.
Şoňa görä, din wekilleri asyrlar aşyp gelýän ýagşy däp-dessurlaryň türkmençilik
ýoly bilen dowam etdirilmegi babatda yzygiderli alada edilýändigi üçin hajy
Arkadagymyza we Arkadagly hajy Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarlar.
Welaýatlarda,
Aşgabat şäherinde hereket edýän metjitlerde tutuş adamzat bähbitli sogap
işleriň rowaçlyklara beslenmegi barada dilegler edilýär. Arkadag şäherinde
gurulýan nurana metjit hem şeýle sahawatly ýörelgeleriň dowamata atarylmagynda
möhüm orny eýelär.
...Soňra
Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň bezeg aýratynlyklaryna we onda
ulanylýan serişdelere degişli maglumatlar beýan edildi. Bellenilişi ýaly,
metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik
dörediler. Şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde
tutulandygy aýdyldy.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza
baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzda üç
günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň müftüsi şol günlerde
haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesini Mekgä
we Medinä ugratmak, bu ugur boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda
döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly
hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj
parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän ildeşlerimizi
Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Şeýlelikde, bu işleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Hajy
Arkadagymyz türkmençilikde ýol çekmegiň, köpri, metjit gurmagyň sogap iş
hasaplanýandygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan işleriň milli ýörelgelere
laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy. “Haýyr-sahawatyň
hasabyna bina edilýän metjitleriň türkmen topragynyň mukaddes künjeklerinde gurulmagynda
çuňňur many bar. Arkadag şäherinde gurulýan metjit hem türkmençilik ýolunyň
mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ol ýagşy dessurlary haýyr
işler bilen utgaşdyrmak, asyrlar aşyp gelýän mukaddeslikleri sarpalamak ýaly
däplerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Mukaddes toprakda gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän
täze metjidiň ulanmaga berilmeginiň parz işleriň dowamat-dowamdygynyň
güwäsidigini belläp, hajy Arkadagymyz din wekillerine mundan beýläk-de
hemmetaraplaýyn hemaýat beriljekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň
müftüsi Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we ýurdumyzyň rowaçlygyny,
halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, haýyr işleriň
üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu
ýerden ugrady.
tdh.gov