04.11.2025
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ»
formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Täze
taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine
esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol
strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna
öwrüler.
Türkmenistany
hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk
ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk gatnaşyklar baglanyşdyrýar. 1992-nji ýylda
ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri bu
dialog yzygiderli ösdürilip, syýasatdan we ykdysadyýetden başlap, ynsanperwer
hyzmatdaşlyga çenli ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Iki döwletiň
arasyndaky syýasy hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýedir. Her ýyl geçirilýän
ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler bilelikdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
ABŞ Türkmenistanyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesine ýokary baha berip, oňa Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň
möhüm şerti, öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde garaýar.
«Merkezi
Aziýa — ABŞ» formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär. Formatyň ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy
goramak boýunça iş toparlarynyň çäklerinde taraplar sebit hyzmatdaşlygyny
giňeltmek we umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde täze çemeleşmeleri işläp
taýýarlaýarlar.
Özara gatnaşyklaryň gün tertibinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şunda 2008-nji ýyldan bäri iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde netijeli mehanizm bolup durýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär. Munuň özi iki ýurduň medeni, bilim ugurly alyşmalary ilerletmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 2023-nji ýylda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak üçin berk binýady döretdi.
...Birnäçe sagatdan soňra,
hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli
garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň ABŞ-a
iş sapary dowam edýär.
tdh.gov