Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna
ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Ýewropa
ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky
döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek
esasynda alnyp barylýar.
Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.
Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen
ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem
ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa
menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi
wekili bilen söhbetdeş boldy.
Dostlukly
ýurduň wekili belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýanyň
Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi
hem-de Gahryman Arkadagymyza şu gezekki saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw
etdi.
Gahryman
Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň
Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny,
dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň
ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Nygtalyşy
ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly
hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer
hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.
tdh.gov