Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Mongoliýa ugrady. Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat
strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde
ýerleşýän ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
ösdürýär. Aziýa sebitiniň döwletleri bilen ýola goýlan netijeli dialog bu
döredijilikli strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň
mysallarynyň biridir. Olaryň hatarynda Mongoliýa bilen hyzmatdaşlyk soňky
ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen
ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary bu ugurdaky möhüm
ädim boldy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan
ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar toplumy taraplaryň döwletara
hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, onuň täze, anyk many-mazmun bilen
baýlaşdyrylmagyna ygrarlydyklarynyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti
Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy.
Dostlukly döwletiň Baştutany, beýleki belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlar
bilen bilelikde, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen “Döwürleriň we
siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly
halkara foruma gatnaşdy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa
amala aşyrýan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany
açar.
...Birnäçe sagatdan soňra hormatly
Prezidentimiziň uçary Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň “Buýant-Uhaa” Halkara
howa menziline gondy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de
Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Asylly däbe görä, belent mertebeli myhmana
mongol milli tagamy — gurt hödür edildi we ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden sapar
mahaly özi üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.
2-nji iýunda — saparyň ikinji gününde
Ulan-Batorda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçiriler. Onuň gün
tertibine ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara
hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy giriziler.
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň oňyn syýasy
dialogy yzygiderli ösdürmek bilen, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň
çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek. Sebit we
ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da
gabat gelýändigini görkezmek bilen, biziň ýurtlarymyz birek-birege özara goldaw
berýärler.
Şeýle hem hökümetleriň, daşary syýasat
edaralarynyň we parlamentleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösdürilýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda,
häzirki wagtda bu gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de giňeltmek, haryt
dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, işewürler düzümleriniň ugry boýunça özara
bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dostlukly
ýurduň paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-mongol işewürler forumy
hem muňa ýardam berer.
Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer
gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ylym-bilim we medeniýet, şeýle hem sport ulgamlarynda
hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki
türkmen-mongol gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol
çekiler, bu ylalaşyklar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny
pugtalandyrmak bilen, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde
durmuşa geçirmäge, häzirki zaman ýagdaýlary hem-de mümkinçilikleri hasaba almak
bilen, bu hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin häsiýet berilmegine ýardam eder.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa
döwlet sapary hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ýardam eder. Munuň özi iki
dostlukly ýurduň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.
tdh.gov