Balkan welaýatynda iş saparynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Balkanabat Halkara
howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet
berilýär. Munuň özi Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda
ýerleşýän Türkmenistana ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek üçin amatly
mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzyň
raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen
üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli
maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion
tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy
tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.
Sagatda 100
ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly
3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir.
Binada
ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük
we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan,
garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.
Şeýle hem
howa menziliniň çäginde barlag geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas
ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň we
uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük
terminaly, myhmanhana, şeýle hem birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar.
Howa
menzilinde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi we 4 sany
dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, şeýle hem dolandyryş diňi bar.
Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metr, umumy meýdany 410,92 inedördül metre
deň bolup, onuň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny
tapdy.
Howa
menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem
menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar üçin niýetlenen awtoulag duralgalary bar.
Täze howa
menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy
gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.
tdh.gov