Hormatly
sergi-ýarmarka we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak
mermerli Aşgabatda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly
sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil
üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar
ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige
ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere
laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe
boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Gadyrly sergä we
maslahata gatnaşyjylar!
Häzirki döwürde Türkmenistanyň
ykdysady ösüşiniň ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we
meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu
strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we
sanlylaşdyrmaga, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga,
döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Halkara
ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi häzirki zaman ykdysadyýetiniň wajyp
ugurlarynyň biridir. Halkara bazarlarda özara bähbitli, açyk, deňhukukly
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini artdyrmagyň, sarp
edijileriň hukuklaryny goramagyň möhüm şerti hökmünde harytlaryň we hyzmatlaryň
ýokary hil standartlaryna laýyk gelmegine uly üns berilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de
pudaklaýyn ösüş resminamalarynda bu maksatlara ýetmek üçin birnäçe möhüm
wezipeler kesgitlenildi. Bu Maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanylan netijeler
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanýandygyna, milli ykdysadyýetimiziň
öndürijilik ukybynyň artdyrylýandygyna, bazar gatnaşyklarynyň
işjeňleşdirilýändigine, söwda we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşiniň üpjün
edilýändigine, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna
şaýatlyk edýär.
Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan
«Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler
döredilýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy»
derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport
mümkinçiliklerini artdyrmaga we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has
işjeň goşulyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň söwda ulgamyny has-da
kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli,
ekologik taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply harytlary dünýä bazarlarynda giňden
tanatmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek
ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna
geçirmegiň, döwrebap özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde
Türkmenistan dünýä bazarynda barha ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzda we onuň
çäklerinden daşarda geçirilýän sergiler, forumlar döwletimiziň häzirki döwürde
gazanýan üstünliklerini, maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança
bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylara bolsa şeýle çäreler öz geljegi
uly taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir. Şu gün öz işine
başlaýan sergi-ýarmarka hem-de halkara maslahat hem ýurdumyzyň söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, önüm öndürijileriň, hyzmatlar ulgamynyň eksport
mümkinçiliklerine baha bermekde möhüm orny eýelär.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Halkara söwda we hyzmatlar»
atly sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil
üpjünçiligi» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek
tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmakda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov