24.10.2025
Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk
binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi
mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň
Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş
maslahatyny geçirdi. Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň
hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheriniň durky düýpli özgerdi. Şunda
ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda, şeýle hem Arkadag şäherinde dürli
maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň
döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý
abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
...Ir bilen Gahryman
Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we ýurdumyzyň
abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň mekany hökmündäki derejesini
ykrar eden Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk derejesini dünýä aýan eden ajaýyp desga ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik
keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy döretdi. Munuň özi ýurdumyzda dürli maksatly
binalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn
esasda çemeleşilýändiginiň we bu ugurda milli binagärlik ýörelgeleri bilen
häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu
bolsa Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini
görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”
diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly
Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk
edýän Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Onda
paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan
işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý
abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň
döredilenine 80 ýyl bolandygyny belläp, hemmeleri taryhy ähmiýetli şanly sene
bilen gutlady.
2025-nji ýylyň BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilmegi mynasybetli çäreler toplumy ýaýbaňlandyryldy. Mälim bolşy ýaly,
meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly
Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Guramaçylyk döwlet topary döredildi.
Şu ýylyň başynda Gahryman
Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80
ýyllygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan
işleri ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi. Şeýle hem şol gün
binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmakda we onuň çäklerinde
bag nahallarynyň oturdylmagynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde
tutulmalydygyny we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň nazara alynmalydygyny
belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe ähmiýetli maslahatlaryny berdi.
Aýratyn-da, ýol-ulag düzümine
degişli desgalaryň gurluşygynda, olary döwrebaplaşdyrmakda täzeçil
tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler häzirki
döwrüň talabyna we milli gurluşyk ulgamynda ýetilen sepgitleriň derejesine
laýyk gelmelidir. Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda
BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belläpdi.
Bu gün bolsa Milli Liderimiz
şol işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz şanly sene
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp,
şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň
arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns
berilmelidigini belledi.
Bu baradaky gürrüňi dowam
edip, Milli Liderimiz ak mermerli paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň
guramaçylyk ýagdaýynda we Aşgabady bagy-bossanlyga büremek işlerinde
haýal-ýagallyga ýol berlendigi üçin Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa
nägilelik bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary,
ekiljek baglaryň, yşyklandyryş we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň
görnüşleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat
toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň
ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we
döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň
çyzgylary barada hasabat berdi.
Görkezilýän şekil
taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde
ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri,
Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler bar. Şeýle hem bu
künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilýän
şekil taslamalaryny synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde
we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň
degerli maslahatlaryny berdi. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň günorta künjeginde
dürli maksatly desgalar toplumy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň şäheriň
binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine döwlet
derejesinde ähmiýet berilýär.
Bu barada aýtmak bilen,
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň
töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň we bezeg işleriniň bu mukaddes künjegiň
derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. BMG-niň Baş
Assambleýasynyň degişli kararnamalary arkaly hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzda şanly senäniň 30 ýyllygy mynasybetli
guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna we milli toý dessurlaryna kybap
derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr.
Milli Liderimiz türkmen ilinde
“Gelen — döwlet”, “Myhman ataňdan uly” ýaly paýhasly jümleleriň döredilendigini
we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak
dabaralara BMG-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, wekilçilikli
toparlarynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunda myhmanlaryň
türkmen halkynyň milli däpleriniň esasynda garşylanylmagyna, olara ýokary
derejeli hyzmatlaryň hödürlenilmegine zerur üns berilmelidir.
Şol bir wagtyň özünde, bu
ýerde gül goýmak çäresi bilen başlanjak dabaralaryň guramaçylyk ýagdaýy halkara
derejede ykrar edilen kadalara laýyk gelmelidir. Gahryman Arkadagymyz bu
baradaky gürrüňi dowam edip, Bitaraplyk muzeýinde ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň taryhyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegine degişli
maglumatlara, resminamalara möhüm orun berilmelidigini aýtdy we bu babatda
özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.
Milli Liderimiz bu ýerden
şäheriň Bitarap Türkmenistan we Çandybil şaýollarynyň aýlawly çatrygynyň ýanyna
geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri batly depginlerde alnyp
barylýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işler we häzirki döwürde onuň depginlerini
ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat
berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
döwürde ýurdumyzyň dürli künjekleriniň we paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümine
degişli desgalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegi, aýratyn-da, köp
zolakly ýollaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli bolmagy ugrunda zerur tagallalar
edilýär. Şu günler paýtagtymyzyň Bitaraplyk binasyna barýan şaýoluň aýlawly
çatrygynyň çäginde degişli nyşanlaryň ýerleşdirilmegine, onuň bezeg
aýratynlyklaryna we yşyklandyryş ulgamyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Gahryman Arkadagymyz aýlawly
ýoluň bezeg aýratynlyklarynyň onuň ähmiýetine laýyk gelmelidigine ünsi çekip,
bu ýerde türkmen Bitaraplygyna degişli nyşanlaryň, BMG-ä agza ýurtlaryň Döwlet
baýdaklarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet tugunyň we BMG-niň baýdagynyň
oýlanyşykly ýerleşdirilmelidigini aýtdy.
Bu künjegiň taryhy ähmiýeti
bolan mukaddes ýere öwrülýändigini nazara almak bilen, dünýä ýurtlarynyň Döwlet
baýdaklarynyň we Türkmenistanyň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň ýerleşdirilmeginiň
we beýleki syýasy gymmatlyklaryň döredilmeginiň bu ýerleriň derejesini we
ähmiýetini belende göterýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp
meýdançada Hormat garawulynyň esgerleriniň nobatçylygynyň ýola goýulmagy bilen
baglanyşykly meseleler boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk maslahatlaryny
berdi.
Gahryman Arkadagymyz
ýurdumyzyň durmuşynda syýasy ähmiýeti bolan halkara çäreleri guramaçylykly
geçirmek we dabaranyň maksatnamasyny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy R.Bazarowa hem-de Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa degişli maslahatlary berdi. Taýýarlanylan teklipleri Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine
girişilmelidir.
Şunda ýurdumyzda geçirilýän
dabaralara we halkara maslahata gatnaşýan myhmanlaryň ähli çärelere işjeň
gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk
derejesini ýola goýmak babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde,
halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwerlik ýörelgelerini,
parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary esasy ugur edinýän ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň derejesiniň aýdyň nyşany bolan kaşaň binanyň
döwrebaplaşdyrylmagynda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ulanylmalydyr.
Binanyň reňk sazlaşygynda ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň baş mazmuny we
BMG-niň degişli nyşanlary öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine geldi.
Bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi geçiriler. Şu
mynasybetli bu ýerde ekiljek türkmen arçalarynyň nahallary taýýarlanyldy.
Ýurdumyzyň Bitaraplyk
baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary guramaçylykly geçirmek bilen
bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasynyň talabalaýyk guralmalydygyny belläp,
Gahryman Arkadagymyz her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çärä şäher
ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň
ýörite kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen
ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäni guramaçylykly geçirmek boýunça
taýýarlyk işlerine giň gerim berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen
ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça bilelikdäki
tagallalar ýaýbaňlandyrylmalydyr.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli
geçiriljek duşuşyklar, halkara derejedäki maslahatlar we medeni-köpçülikleýin
çäreler häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydyr. Aýratyn-da, şäheriň
ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Saýaly bag nahallary ekilende,
milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi
utgaşdyrylmalydyr.
Häzirki döwürde paýtagtymyzy
hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we şäheriň binagärlik keşbini kämilleşdirmegiň
çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny
belläp, Gahryman Arkadagymyz şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň
yzygiderli alnyp barylmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Milli Liderimiz,
hemişe bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň berk berjaý
edilmeginiň, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň ýola goýulmagynyň möhüm wezipe
hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly
hereketiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz
paýtagtymyzyň taryhy ähmiýeti bolan mukaddes künjeginde ýaýbaňlandyryljak
baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara
giňişlikde ykrar edilýändigini aňladýan wakalaryň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
ýurdumyzyň teklibi boýunça kabul edýän çözgütleriniň öz beýanyny tapmalydygyny
belledi we bu babatda degişli öwüt-nesihatlaryny berdi.
Milli Liderimiz hemmeleri
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady we
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça
ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işlerinde hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine
ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov