Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan
Respublikasyna iki günlük dostlukly sapary amala aşyrdy.
Samarkant
şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident
Şawkat Mirziýoýew garşylady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we
Özbek Lideriniň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir
taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna ugrady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we
Prezident Şawkat Mirziýoýew Islam Karimowyň aramgähine bardylar hem-de
Özbegistanyň ajaýyp syýasy-döwlet işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri we doganlyk ýurduň Baştutany ýörite bellenen ýere bardylar. Ol ýerde
musulman dessurlaryna laýyklykda, ymam mukaddes Gurhandan aýatlary okady.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Prezidenti bilen
bilelikde “Silk Road Samarkand” halkara merkezindäki “Baky şäheriň”
syýahatçylyk meýdançasyna bardylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri özbek Lideri
bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň
desgalary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy özbek halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän
gymmatlyklar, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň nusgalary,
binagärlik desgalarynyň aýratynlyklary bilen tanşyp, Prezident Şawkat
Mirziýoýewe hem-de özbek tarapynyň wekillerine gezelenjiň ýokary derejede
guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Dostlukly
saparyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň
arasynda gepleşikler geçirildi.
Samarkant
şäherindäki Kongres merkeziniň esasy girelgesiniň öňünde belent mertebeli
myhmany Özbegistanyň Baştutany mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet
baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan
döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla
edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri we
Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat
taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Soňra
giňişleýin düzümdäki duşuşyk geçirildi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygyna Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul
edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Goňşy
döwletiň Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip,
döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa amala aşyran üstünlikli sapary hem-de
Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory alymlyk derejesiniň berilmegi bilen
gutlady. Bellenilişi ýaly, munuň özi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem, tutuş
Merkezi Aziýa hem hormat-sarpanyň nyşanydyr.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna taýýarlyk
görülýändigini nygtady.
Pursatdan
peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň, şeýle
hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul
edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Goňşy
ýurduň Lideri sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
Özbegistan Respublikasyna şu gezekki saparynyň netijeleriniň ähli ugurlar
boýunça döwletara gatnaşyklaryň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam
bildirdi.
Milli
Liderimiz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident
Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul
edendigi, myhmansöýerligi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny
ýetirdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan
Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna
ynam bildirip, şu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp
maslahatlaşyljakdygyny hem-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma
bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki
ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny
eýeleýär.
Özara
saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli
Lideri aýtdy we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň şu ýylyň 5-nji
maýynda “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi”
strategik dialogynyň ikinji sammitine gatnaşmak üçin Samarkanda, 6-7-nji
sentýabrda bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji
konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Daşkent şäherine barjakdygyny
belledi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma
gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Liderini şu ýylyň
awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň
howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek
halkara foruma hem gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine degip geçip,
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen
belledi.
Işewür
toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisini,
üçünji sebitara forumy we milli haryt öndürijileriň sergisini guramagyň
maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Şunuň
bilen bir hatarda, Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň – söwda merkeziniň
döredilmegi söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder diýip,
Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Onuň gurluşygy “Daşoguz – Şabat”
barlag-geçiriş nokady sebitinde giň gerimde alnyp barylýar.
Himiýa
senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem üns berilmäge mynasypdyr diýip,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we özara gatnaşyklaryň ýokary
derejededigini hem-de Türkmenistanyň bu pudakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny nygtady.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri ulag ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm
ugurlarynyň hatarynda görkezip, türkmen tarapynyň bar bolan üstaşyr ulag
geçelgelerini ösdürmek we täzelerini döretmek boýunça gatnaşyklary
pugtalandyrmagy teklip edýändigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir.
Sözüniň
ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe
myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek
minnetdarlyk bildirip, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik, Özbegistanyň
doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Goňşy
ýurduň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň çykyşy, beýan eden teklipleri
üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň
bähbidine Türkmenistan bilen giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.
Ikitaraplaýyn
gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň
ýokary döwlet sylagyny – “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”)
ordenini gowşurmak dabarasy boldy.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza Özbegistana sapary amala aşyrandygy
üçin hoşallyk bildirdi. Özbek Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny
Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanylmagy
mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk,
abadançylyk, üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we
rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri bildirilen hormat-sarpa — “Ýokary derejeli dostluk”
ordeni bilen sylaglandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk
bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýan bu çäräniň taryhy ähmiýetini
nygtady.
Pursatdan
peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
türkmen halkynyň adyndan Özbegistanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we oňa
berk jan saglyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, goňşy ýurduň doganlyk halkyna
bolsa abadançylyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra
dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderini Özbegistan
Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen
tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň
Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan
beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde
bag nahalyny oturtdylar.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Özbegistanyň Lideri “EKSPO”
sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde “Wagtyň salgymlary” atly sergi
bilen tanyşdylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri gyzykly we çuň manyly gezelenç üçin minnetdarlyk
bildirip, muzeýleriň hem-de şeýle sergileriň möhüm ornuny belledi.
Öz
nobatynda, gezelenç mahalynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
ýanynda bolan serginiň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana muzeýe gelip
görendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Samarkant şäheriniň
Halkara howa menziline bardy.
Bu
ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we özbek Lideri mähirli
hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän
köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparyny
tamamlap, Watanymyza ugrady.
mfa.gov