Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly
sapary amala aşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen
giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz ählumumy abadançylygyň
bähbidine netijeli halkara dialogy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Soňky
ýyllarda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary
uzak möhletli strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdy. Halkara we sebit
syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakynlygy
dürli derejede döwletara dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada durnuklylygy
hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak
däplerini berkitmek ugrunda çykyş edýärler.
...Gazagystanyň Türküstan şäherinden ugur alan
türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary biraz wagtdan soňra, iki dostlukly
ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip
gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama
düzüldiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti
Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk
taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi
baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky
döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini
bellemek gerek. Iki ýurduň medeniýet, sungat, edebiýat we kinematografiýa
işgärleriniň gatnaşmagynda dürli dabaralaryň, sport çäreleriniň yzygiderli
geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Ylym-bilim ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe
bolan Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň halklarynyň baý
taryhy-medeni mirasyny dikeltmekde-de tagallalary birleşdirýärler.
...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Çingiz
Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet merkezine geldi. Bu ýerde belent
mertebeli myhmanlar mähirli garşylanyldy we merkez barada giňişleýin maglumat
berildi.
Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda
esaslandyrylan “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi
ýatladýar. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata
şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Häzirki wagtda şäher arassa
kenary we ösen syýahatçylyk infrastrukturasy bilen meşhurdyr. “Ruh-Ordo”
medeniýet merkezi bu şypahana zolagynyň merjeni hasaplanýar. Ýer ýüzüniň dürli
künjeklerinden gelýän jahankeşdeleriň zyýarat edýän ýerine öwrülen toplumyň
çäginde esasy dünýä dinlerine bagyşlanan 5 sany dini bina gurlupdyr. Bu ýerde
gyrgyz halkynyň we dünýä taryhynyň, ylmynyň, edebiýatynyň, sungatynyň meşhur
wekilleriniň heýkelleri ýerleşdirilipdir. 2008-nji ýylda “Ruh-Ordo” medeniýet
merkezine belli gyrgyz ýazyjysy we jemgyýetçilik işgäri Çingiz Aýtmatowyň ady
dakyldy. Bu ýerde ýazyjynyň öý muzeýi hem-de onuň eserleri esasynda döredilen
birnäçe heýkeller bar.
Söz ussatlaryny sarpalamak iki halkyň
däplerinde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň günorta
künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy beýik söz
ussadynyň döredijiligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşany boldy. Diňe bir
Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň ösmegine-de uly goşant
goşan ussat şahyryň sarpasy belentde tutulýar. Söz ussadynyň pikirleri, giň
filosofik garaýyşlary häzirki türkmen jemgyýetiniň ruhy binýady bolmak bilen,
umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi.
Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň,
ýazyjy-şahyrlarynyň, şol sanda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň hem heýkeliniň
oturdylandygy bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi halklaryň arasyndaky
dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzdaky bu
toplum hem-de Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeniýet merkezi
iki halkyň beýik şahsyýetlere goýýan uly sarpasynyň nyşanydyr. Olarda şygryýet
agşamlary, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlar yzygiderli guralýar.
“Ruh-Ordo” medeniýet merkezi diňe bir täsin
binagärlik ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, kölüň kenaryndaky özboluşly gaýyk
duralgasy bilen hem meşhurdyr. Bu ýerde dünýäniň dört tarapyny, şeýle-de ýylyň
dört paslyny alamatlandyrýan dört sany täsin desga ýerleşýär. Seýilgäh
zolagynyň çäginde sergi zallary-da bar. Olaryň gymmatlyklary gadymy çarwa
durmuşynyň taryhyny aýdyňlyk bilen görkezýär hem-de gyrgyz halkynyň halk
döredijiliginiň meşhur eseri bolan “Manas” eposy barada gürrüň berýär.
Çingiz Aýtmatow adyndaky “Ruh-Ordo” medeniýet
merkeziniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hemmeler bilen hoşlaşyp,
bu ýerden ugradylar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we Prezident Sadyr
Žaparow bilelikde Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Tebigatyň
gözel görnüşi, kenarýakasynyň ýakymly howa gurşawy ynsanyň ruhuny götermek
bilen, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Munuň özi adamlaryň saglygyny
berkitmekde, ruhubelentlik duýgusyny oýarmakda tebigatyň ägirt uly ähmiýete
eýediginiň aýdyň mysalydyr.
Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda
syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň
bardygy bellenildi.
Dostlukly saparyň ikinji gününde — 23-nji
aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
boldy. Bu duşuşyk uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik, dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge itergi berer.
Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň
maslahatlar binasyna bardy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata
düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr
Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek
mähirli mübärekledi. Bu künjekdäki täsin şäher Yssyk-kölüň örän arassa suwlary
bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Munuň özi gyrgyz halkynyň açyklygynyň,
myhmansöýerliginiň we baý däp-dessurlarynyň nyşany bolup durýar.
Gyrgyz Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga
uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň
halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
boljakdygyna ynam bildirdi. Şunda Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda beýik türkmen
şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan
halkara foruma gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny belledi. Dostlukly döwletiň Baştutany Gyrgyz
Respublikasynyň adyndan Gahryman Arkadagymyzy hem-de doganlyk türkmen halkyny
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli geçiriljek giň gerimli baýramçylyklar bilen gutlady.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny
beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar
bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu
gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy
hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz
Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly
goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan
peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny
we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
syýasy-diplomatik ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezip, ýokary
derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary
pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigini belledi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň başlangyjy
boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan edendigini aýdyp, şu ýyl Türkmenistanyň dünýä
bileleşigi bilen, ilkinji nobatda, sebit ýurtlarynyň gatnaşmagynda iri halkara
çäreleriň birnäçesini geçirýändigini nygtady. Şunda 12-nji dekabrda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forum aýratyn ähmiýete eýe
bolar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Sadyr Žaparowyň bu forumyň işine
gatnaşmagyna umyt bildirildi.
Biziň ýurtlarymyz halkara we sebit gün
tertibiniň möhüm meseleleriniň ençemesi boýunça bitewi ýa-da ýakyn garaýyşlar
bilen çykyş edýärler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de
Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän
başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin gyrgyz tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany goldandygy we awtordaş
bolup çykyş edendigi üçin hem gyrgyz tarapyna minnetdarlygyny beýan etdi. Munuň
özi Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna degişli Kararnamalaryň
(1995-nji we 2015-nji ýyllaryň Kararnamalaryndan soňra) üçünjisidir. Biz mundan
beýläk-de siziň halkara ähmiýetli, dag meselesine degişli teklipleriňizi
ilerletmek boýunça tagallalaryňyzy goldarys. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji
aprelde Bişkekde geçiriljek “Durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy dag dialogy”
atly halkara maslahata ýurdumyzyň degişli wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtmak
isleýärin diýip, Milli Liderimiz belledi we bu maslahatyň 2027-nji ýylda
geçiriljek “Bişkek+25” ikinji ählumumy Bişkek dag sammitine taýýarlyk görmegiň
möhüm tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Biz
Merkezi Aziýada parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde bilelikdäki
hereketleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtaýarys. Şunda Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýetini bellemek
gerek diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şunuň
bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň awgustynda Astanada geçirilen altynjy
konsultatiw duşuşykda kabul edilen sebit integrasiýasyny ösdürmegiň “Merkezi
Aziýa — 2040” konsepsiýasynyň hem-de 2025 — 2027-nji ýyllarda sebit
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” wajypdygy nygtaldy.
Gahryman
Arkadagymyz şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda
Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu
Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan
transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa
geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de
ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça
ýerli merkezi döretmegi teklip etdi. Ulag ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzda wajyp
orny eýeleýär. Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň
bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag
geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak
arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim
bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura
mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge
taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow
aýtdy.
Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we
logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň
ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi. Munuň özi
döwletlerimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder.
Şeýle hem ýurtlarymyzyň ösmegine uly goşant
goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip
edildi. Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän
dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes
bilen çagyrýarys. Munuň özi sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen
çäklenmän, eýsem, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň
hem nyşanyna öwrüler diýip, Milli Liderimiz belledi.
Sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanyň, hemişe bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasy bilen özara bähbitli we
deňhukukly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin açyk bolmagynda
galýandygyny nygtady.
Gyrgyz Lideri Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we
sebit hyzmatdaşlygyny alyp barmaga jogapkärçilikli çemeleşýändigi üçin ýene-de
bir gezek hoşallyk bildirip, Milli Liderimiziň beýan eden başlangyçlarynyň
ählisini goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman
Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp
gördüler.
Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak
öýe aýratyn sarpa goýulýar. Ol diňe bir däp bolan ýaşalýan öý bolmak bilen
çäklenmän, eýsem, ençeme asyrlyk medeniýetiň hem möhüm bölegi hasaplanýar. Ol
öý-ojagy, maşgalany, halkyň durmuş ýörelgelerini alamatlandyrýar. Sökülýän, bir
ýerden başga bir ýere aňsatlyk bilen göçürilýän ak öý gyşyna ýylylygy, tomsuna
bolsa salkyn howany üpjün edýär. Öýüň görnüşi asman giňişliginiň şekilini
ýatladýar. Ak öýüň tüýnüginiň Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdagynda
şekillendirilmegi hem tötänden däldir. Bir söz bilen aýdylanda, ak öý geçmişi
we häzirki döwri baglanyşdyryp, taryhyň sahypalaryna aralaşmaga, gadymy
çarwadarlaryň baý medeniýetiniň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň gözbaşlaryna has
oňat düşünmäge mümkinçilik berýär.
Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna uly sarpa
goýulýan Türkmenistanda hem ak öýler ähli baýramçylyklaryň aýratyn bezegi bolup
durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda
“Türkmeniň ak öýi” binalary gurlup, olar köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän
ýerine öwrüldi.
Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde
gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly
saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk
edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň bilelikdäki awtoulag kerweni
Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Atçylyk toplumyna barýan ýoluň
ugrunda dostlukly ýurduň sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine
ýetirdiler. Olarda taryh we medeniýet babatda umumylyklary bolan halklaryň
milli däpleri, häzirki döwürde üstünlikli ösdürilýän dost-doganlyk gatnaşyklary
wasp edildi. Gyrgyz halkynyň gadymy durmuşyny, däp-dessurlaryny beýan edýän
görnüşler iki dostlukly halkyň umumy medeniýete eýediginiň aýdyň beýanyna
öwrüldi.
10 müň adama niýetlenen bu toplum Gyrgyz
Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we
25 gektar meýdany eýeleýär. Toplum 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji
bütindünýä oýunlaryndan soňra guruldy. Çarwadarlar siwilizasiýasynyň
medeniýetini dikeltmek we aýawly saklamak üçin Gyrgyz Respublikasynyň
Hökümetiniň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň halklarynyň milli sport
görnüşleri boýunça bu iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi häzirki wagtda
asylly däbe öwrülip, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary
we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at
üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna
girizilen “žorgo”, “gök-böri” we “salburun” oýunlary görkezildi.
Türkmen halkynda bolşy ýaly, Gyrgyz
Respublikasynda hem at çapyşyklary sportuň iň gyzykly we çekeleşikli
görnüşleriniň biri bolmagynda galýar. Ençeme asyr mundan öň bolşy ýaly, häzirki
wagtda-da at çapyşyklary ählihalk dabaralarynyň, baýramçylyklaryň bezegi bolup
durýar. Gyrgyzlarda Aziýa halklarynyň köpüsiniň arasynda giňden ýaýran
“gök-böri” atly gadymy atly sport oýny hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar.
Çarwadarlaryň aw awlamak, sürini ýyrtyjy haýwanlardan, ilkinji nobatda,
möjeklerden goramak däplerinden elguşlary we tazylary ulanmak arkaly toparlaýyn
aw etmek ýüze çykdy. Bu aw “salburun” diýlip atlandyrylýar. Ýaryşa gatnaşyjylar
öz çalasynlygyny, atyň üstünde ýaýdan ok atmak ussatlygyny görkezýärler.
Merkezi Aziýa sebitiniň ähli halklary, şol
sanda türkmenler hem müňýyllyklaryň dowamynda edermen ýigitleriň ýoldaşy bolan
bedewlere aýratyn sarpa goýýarlar. Behişdi bedewleriň muşdagy we ajaýyp çapyksuwar,
atly sportuň wagyzçysy bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary
bilen täze taryhy döwürde ahalteke bedewleri okgunly ösýän Türkmenistanyň esasy
nyşanyna öwrüldi. Milli Liderimiz öz birnäçe ajaýyp kitaplaryny, şol sanda
“Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”,
“Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerini döwürleriň hem-de nesilleriň
arabaglanyşygynyň nyşanyna öwrülen ýelden ýyndam bedewlere bagyşlady. Bu
kitaplar daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilip, giň dünýä
jemgyýetçiliginiň gymmatly gollanmasyna öwrüldi hem-de Ýer ýüzünde ahalteke
bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda möhüm orny eýeledi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy atçylyk
sungatyny dikeltmek we ösdürmek boýunça maksada okgunly işler alnyp barylýar.
Zähmetsöýer seýisler beýik ata-babalarymyzyň iň gowy däplerini dowam etdirip,
deňsiz-taýsyz tohumyň arassalygyny saklamak we ahalteke bedewleriniň baş sanyny
artdyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda
ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary we merkezleri guruldy. Olarda
atçylygy ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Milli at üstündäki oýunlar, atly
sportuň dürli görnüşleri, şol sanda konkur okgunly ösüşe eýe boldy. Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça konkur ilkinji gezek 2017-nji ýylyň
sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty
boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen,
2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Häzirki
wagtda bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda hem
meşhurdyr. Ol dünýäniň dürli künjeklerinde çykyş edip, abraýly halkara
sylaglaryň ençemesine, şol sanda şu ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň
Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn
baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular. Ganatly bedewlerimiziň
Ýer ýüzündäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen,
ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli
baýramy bellenilýär. Bu baýramçylyga gabatlanyp dürli halkara bäsleşikler, şol
sanda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi guralýar.
Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy
däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen
bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge
çagyrdy. Bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk
sirki, atçylyk toplumy guruldy. Olar sebitdäki bu ilkinji “akylly” şäheriň
binagärlik toplumynyň özboluşly bezegine öwrüldi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň
Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden
ugradylar.
Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen
bilelikde Yssyk-köl Halkara howa menziline bardy we şol ýerden uçarda
Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady.
tdh.gov