Öňden habar
berlişi ýaly, şu gün ─ 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda owgan
harytlarynyň sergisi hem-de türkmen-owgan işewürler maslahaty
açyldy.
Bu çärelere
gatnaşmak üçin Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge
gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümlerinden, kompaniýalaryndan we
kärhanalaryndan wekilçilikli topar Aşgabada geldi.
Owgan harytlarynyň
sergisinde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna wekilçilik edýän owgan önüm
öndürijileriniň 200-den gowragynyň önümleri ýaýbaňlandyrylýar.
Gündogaryň
özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýän çaýlar, kakadylan miweler, halylar we
haly önümleri, şaý-sepler, senetçilikden sungat derejesine ýetirilen
gaýtalanmajak nusgalar, gymmat bahaly daşlar bilen bilelikde gurluşyk we senagat
harytlary, arassaçylyk we ýuwujy serişdeler, derman önümleri, azyk harytlary we
içgiler serginiň myhmanlaryna hödürlenilýär.
Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini
artdyrmaga hem-de türkmen-owgan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge
gönükdirilen bu möhüm ähmiýetli çäre asyrlaryň dowamynda goňşy ýaşan iki
dostlukly halkyň durmuşynda täze bir sahypany açar.
Owgan harytlarynyň
sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.