2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda
Aşgabatda geçirilýän “TurkmenTextile Expo-2025” atly halkara
sergi-ýarmarkasynyň üçünji güni döredijilikli we tälim beriş çäreler bilen
dowam etdi. Bu günki çäreleriň aglabasy ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly meşhur
dizaýnerleriň gatnaşmagynda geçirilen ussatlyk sapaklaryna bagyşlandy.
Beýik
Britaniýadan gelen meşhur moda dizaýneri Omar Mansur “Däp-dessury häzirki zaman
modasy bilen birleşdirmek” atly ussatlyk sapagyny geçirdi. Ol çykyşynda türkmen
halkynyň baý medeni mirasynyň häzirki zaman moda industriýasy bilen
utgaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Fransiýa
Respublikasynyň wekili Göwher Pirkulyýewa “Medeni mirasy gorap saklamak
bilen bir hatarda adaty ussatlygy häzirki zaman dizaýnyna öwürmek” temasyndaky
çykyşynda türkmen keşdeleriniň, el işleri bilen baglanyşykly elementleriň
häzirki zaman dizaýn önümçiligindäki ähmiýetine ünsi çekdi.
Gazagystanyň
“Asyl-dizaýn” modalar öýüniň wekili Aýdarhan Haliýewiň “Gadymy Merkezi
Aziýanyň dokma usullary we däp bolan egin-eşik görnüşleriniň häzirki zaman
sungata bolan täsiri” atly ussatlyk sapagyny geçirdi. Ol Merkezi Aziýa
sebitiniň baý dokma däpleriniň häzirki zaman modasyna täsirini mysallar arkaly
düşündirdi.
Şeýle
hem Türkmenistanyň ýaş dizaýneri Jennet Agaýewa tarapyndan döredijilikli
ussatlyk sapagy geçirildi. Ol milli matalary we bezegleri häzirki zaman lybaslarynda
peýdalanylşyna ähmiýet berdi.
Sergi-ýarmarka
türkmen tekstil senagatynyň dünýä bazaryndaky orny bilen tanyşdyrmak, halkara
hyzmatdaşlygyny ösdürmek we döredijilikli pikir alyşmak üçin möhüm meýdança
hökmünde çykyş edýär. Çäräniň dowamynda dürli ýurtlardan hünärmenleriň
gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar, çykyşlar we görkezme çäreler serginiň
ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.