Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“TurkmenTextile Expo – 2025” halkara sergisinde moda bilen bezelen gün

12.06.2025
204
Card image cap

    2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “TurkmenTextile Expo – 2025” halkara sergisiniň ikinji güni hem  gyzykly pursatlara baý boldy. Serginiň bu tapgyry esasan türkmen moda sungatyna we egin-eşik dizaýnyna bagyşlanyp, ýerli dizaýnerleriň döreden täze kolleksiýalarynyň görkezilişi bilen aýratyn öwüşgine eýe boldy.

    Günüň esasy wakalarynyň biri hökmünde geçirilen moda görkezilişinde ýurdumyzyň öňdebaryjy moda öýleriniň täzeçe çemeleşmeleri giň jemgyýetçilige ýetirildi.

    Görkezilişiň dowamynda: “Miras” Aşgabat Modeller öýi häzirki zaman stilini türkmen milli nagyşlary bilen sazlaşykly utgaşdyran täze kolleksiýasyny hödürledi. Bu kolleksiýa zenanlaryň milli egin-eşikleriniň döwrebap görnüşi bilen aýratyn tapawutlandy. Şeýle-de ýaşlara niýetlenen sport stilindäki geýimlerde milli nagyşlaryň ulanylmagyny üstünlikli  bolupdyr.

     Jennet Agaýewanyň jins önümleri we “Dana Peri” modalar öýi zenan köýnekleriniň täsirli bezegleri we reňk sazlaşygy  tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny özüne çekdi.

Şeýle hem, tanymal dizaýner Umida Kadyrowanyň lybaslarynyň görkezilişi serginiň aýratyn pursatlarynyň biri boldy. Onuň kolleksiýasy milli lybaslaryň döwrebap görnüşlerini görkezmek bilen moda dünýäsine täzeçe gözýetimi hödürledi.

“TurkmenTextile Expo – 2025” sergisi diňe bir dokma önümleriniň söwdasyna däl, eýsem, ýurdumyzyň ýaş we döredijilikli dizaýnerleriniň öz zehinini halkara derejesinde tanatmagyna giň mümkinçilik döredýär. Bu çäre Türkmenistanyň dokma senagatynyň ösüşini, innowasiýa mümkinçiliklerini we milli medeniýeti dünýä ýaýmak ugrundaky tagallalaryny aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň