2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda
Türkmenistnyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “TurkmenTextile Expo-2025”
atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini üstünlikli jemledi. Üç günläp dowam eden
sergä daşary ýurtlardan myhmanlar hem-de ýurdumyzyň dokma senagatynyň wekilleri
gatnaşdy.
Serginiň
dowamynda dokma önümleriniň görkezilişi, täze taslamalaryň tanyşdyrylyşy,
ussatlyk sapaklary hem-de işewür duşuşyklary geçirildi. Çäräniň ahyrynda
gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy.
Sergä
gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna
Ýüzlenme kabul edilip, ýurdumyzyň dokma senagatynyň ösüşine döredilýän
mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi.
“TurkmenTextile
Expo-2025” atly sergi-ýarmarkasy halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de
Türkmenistanyň dokma pudagynyň mümkinçiliklerini dünýä tanatmakda möhüm
ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy