2024-nji ýylyň
26-njy noýabrynda türkmen wekiliýeti
Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş assambleýasynyň 175-nji
mejlisine gatnaşdy.
Bu çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň hemişelik wekili Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow, Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginden hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan wekiller gatnaşdylar.
Mejlisiň gün
tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara sergiler
býurosynyň dolandyryş we býudjet, düzgünler, maglumat we aragatnaşyk hem-de ýerine
ýetiriji komitetleriniň agzalary baradaky hasabatlar diňlenildi we ol
hasabatlar tassyklanyldy. Şeýle hem
ýetip gelýän halkara sergilerine taýýarlyk işleriniň gidişi barada habarlar
diňlenildi. Soňra Ýaponiýanyň wekiliýetiniň Osaka-Konsaýda
geçiriljek «EKSPO ─ 2025» sergisine taýýarlyk işleriniň barşy hakynda beren
maglumatlary diňlenildi.
Mejlisde Saud
Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň Er-Riýadda geçiriljek «EKSPO ─ 2030»
sergisi, Serbiýa Respublikasynyň «EKSPO
─ 2027» sergisi, 2027-nji ýylda Iokogamede geçiriljek Halkara bagbançylyk
sergisi hem-de Italiýanyň wekiliýetiniň Milanda geçiriljek «Triennale ─ 2025»
sergisi boýunça hasabatlaryna orun berildi.
Mejlisiň
çäklerinde Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dmitri
Kerkentzes bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň
arasynda gysgajyk duşuşyk boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň geljekde Halkara
sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň mundan beýläkki ösüşleri barada
özara pikir alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň agza bolup durýan Halkara
sergiler býurosynyň dolandyryş we býudjet komitetiniň nobatdaky mejlisini
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi
bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda
Jenap Dmitri Kerkentzes türkmen wekiliýetine Halkara sergiler býurosy bilen
ýakyn aragatnaşygy berkitmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ol geljekde-de Sekretariýatyň
özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.