25.01.2024
                    
                                      
                                                            
                                        2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap binasynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şteli bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M. Gurdowyň duşuşygy
geçirildi. Şweýsariýa
Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
Ilçisi Tomas Şteliň biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde guralan bu duşuşyk
ikitaraplaýyn söwda-ykdysady 
hyzmatdaşlygyny  giňeltmek
maksadyndan ugur aldy.
Dostlukly gatnaşyklara daýanýan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen
Şweýsariýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütleri
we çemeleşmeleri hem-de söwda-ykdysady düzümlerinde özara bähbitli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler  ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda bu
ugurdaky hyzmatdaşlygyň hilini täze derejä çykarmagyň hem-de bilelikdäki
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.  
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 
Metbugat gullugy.