10.11.2023
                    
                                      
                                                            
                                        Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we
teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─ 2023» atly XVI halkara sergisinde TM-CELL «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar
jemgyýeti müşderilere ýurdumyzda ilkinji gezek täze hyzmat bolan eSIM
wirtual hyzmatyny hödürleýär.
eSIM fiziki sim karty
ulanmazdan, operatoryň öýjükli meýilnamasyny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän
sanly sim kartadyr. Adaty sim kartadan tapawutlylykda, eSIM kartyny eliňizde
saklap bolmaýar. Adaty sim kartyň sanly görnüşi bolan bu täsin hyzmatyň
mümkinçilikleri örän giňdir. 
Şeýle täzeligiň ýola goýulmagy bu
gezekki giň möçberli çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 
Metbugat gullugy.