06.11.2023
                    
                                      
                                                            
                                         2023-nji ýylyň 9-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap sergi zalynda Telearagatnaşyk, telemetriýa,
habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ─
2023» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Häzirki wagtda bu halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýokary derejede guramaçylykly
geçirilmegi üçin degişli işler alnyp barylýar. 
 Sergä we ylmy maslahata gatnaşmaga isleg
bildirýän daşary döwletleriň onlarçasyndan otuza golaý kompaniýalar, şeýle hem
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky
edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriň, hususy kärhanalaryň we
telekeçileriň   kyrka golaýy  hasaba alyndy.
Türkmenistanyň
aragatnaşyk we teleradioýaýradyş ulgamlaryny
ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyga isleg bildirýän kompaniýalaryň  teleradioýaýlymlary hemra aragatnaşyk ulgamlary arkaly dünýä ýurtlaryna ýaýratmak we göni ýaýlyma çykmak, öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynyň ýokary hilli, iň kämil
enjamlary, ýokary tizlikli geçiriji aragatnaşyk enjamlary, şeýle hem iri
daşary ýurt kompaniýalarynyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda halkara aragatnaşyk,
internet hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça   taslamalary serginiň myhmanlaryna
hödürleniler.
 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 
  Metbugat gullugy.