Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň guramaçylygy üstünlikli alynyp baryldy

26.04.2025
87
Card image cap

   Ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmen Energiýa Forumy» hojalyk jemgyýeti Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň bilelikde guramaçysy hökmünde çykyş etdiler. Foruma Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümetleriniň ýokary derejeli wekilleri, iri halkara kompaniýalaryň we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

    Forumyň maksatnamasyna laýyklykda  ilkinji günüň birinji ýarymynda tematiki tegelek stollar geçirildi. «Emeli aňdan peýdalanmak bilen uglewodorod önümçiliginiň geljegi: nebit-gaz ýataklarynyň kuwwatyny açmak» we «Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ykdysady we maýa goýum kuwwatynyň ösüş mümkinçilikleri: bilim, syýahatçylyk we telekeçilik ugurlary» atly tegelek stollaryň başynda möhüm ähmiýetli meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. Bu forum adyna laýyklykda maýa goýumlary çekmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeň gatnaşyklary ösdürmäge itergi bolup çykyş etdi.

   Halkara forumyna gatnaşyjylar çäräniň netijeliligine we guramaçylygyna ýokary baha berdiler. Şeýle-de bu halkara forumy özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin halkara meýdança hökmünde oňyn seslenmä eýe boldy.

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                    Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň