Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň ykdysadyýetine bagyşlanan giň gerimli çäre işewürlik saparlary bilen utgaşdy

01.11.2025
74

    2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Frankfurtda gurnalan  Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde “BASF” kompaniýasynyň baş edarasyna we önümçilik desgalaryna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik sapary gurnaldy.

     Bu kompaniýa diňe bir Ýewropada däl, eýsem  dünýäde iň uly himiýa kompaniýalaryň biri bolup,  türkmen wekiliýeti bilen  himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak işewürlik saparynyň esasy maksady boldy.

     Önümçilik desgalary, degirmen we ýoly dikeltmek tehnologiýalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan “Wirtgen Group” kompaniýasyna hem türkmen wekiliýetiniň sapary gurnaldy. Bu sapar hem dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy.

 

                                                                             Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň