Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri “tegelek stollaryň” başynda dowam etdi

31.10.2025
93

 

    2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda forumyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri üstünlikli dowam etdirildi.

    Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentliginde “tegelek stol” görnüşinde gurnaldy. Duşuşykda dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagyň möhüm ugurlaryna garaldy.

     Hormatly Prezidentimiziň: “Maýa goýumlar ykdysadyýeti köpugurly ösdürmek üçin esasy gural hökmünde hem çykyş edýär” diýip belleýşi ýaly, bu duşuşykda hem  maýa goýum mümkinçiliklerine uly ähmiýet berildi.

    Şeýle-de “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň barşynda  taraplar degişli maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik duşuşyklaryny we forumlaryny geçirmegiň, özara saparlary guramagyň maksadalaýykdygyny bellediler.

                                                                                                                                                                                                                                                            Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                       Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň