2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Fransiýa Respublikasynyň
paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Bütindünýä sergiler boýunça halkara
býurosynyň (BIE) 176-njy mejlisine gatnaşdylar.
Bu
halkara derejesindäki möhüm çärede BIE agza döwletleriň wekilleri we halkara
guramalaryň wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlisde häzirki wagtda geçirilýän
hem-de meýilleşdirilýän halkara sergiler, şeýle hem guramanyň öňünde duran
strategik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň
wekiliýeti mejlise gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň BIE bilen hyzmatdaşlygynyň
yzygiderli dowam etdirilýändigini görkezdi. Şeýle-de, mejlisiň dowamynda
ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, senagat hem-de söwda ulgamyndaky mümkinçilikleri we
halkara sergilere gatnaşmak boýunça tejribesi beýan edildi.
Türkmenistanyň
wekilleri mejlise gatnaşyjy beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen birnäçe
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, geljekde halkara sergilerde işjeň gatnaşygy
üpjün etmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
BIE-niň işine yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna
hem-de dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni we innowasion hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.