Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-türk işewürler geňeşi geçirildi

04.12.2024
43
Card image cap

    2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşi geçirildi. Bu çärä Türkiýe Respublikasynyň işewürler geňeşiniň wekilleri, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda işewürler geňeşiniň türkmen we türk böleginiň bilelikdäki hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda 2025-nji ýylda geçiriljek dürli derejedäki bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

 Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň