2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasyny toý şowhuny gurşap aldy. «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy uly joşgun
bilen badalga aldy. Sergi-ýarmarkasynyň
açylyş dabarasy Hormatly Prezidentimiziň «Halkara
söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere
laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlag
hatynyň okalmagy bilen başlandy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň Gutlag hatynda belleýşi ýaly: «Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda
geçirilýän sergiler, forumlar döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan
üstünliklerini, maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat
edýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylara bolsa şeýle çäreler öz geljegi uly
taslamalary bilen tanyşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir. Şu gün öz işine
başlaýan sergi-ýarmarka hem-de halkara maslahat hem ýurdumyzyň söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, önüm öndürijileriň, hyzmatlar ulgamynyň eksport
mümkinçiliklerine baha bermekde möhüm orny eýelär».
Bu sergi-ýarmarkasy Türkmenistandan we daşary ýurtlardan öňdebaryjy önüm öndürijileri, eksport-import edijileri birleşdirýän uly ähmiýetli çäreleriň biri hökmünde elektron söwda, sanly logistika we önümçilik ugurlaryny awtomatlaşdyrmak pudaklarynda innowasion çözgütli hyzmatlary hem-de giň gerimli harytlary hödürleýär. Sergi bilen utgaşyklykda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty hem geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäreler türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.