2025-nji ýylyň 6-njy martynda Halkara
zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda zähmet çekýän
zenanlara sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi hormatly
Prezidentimiziň zenanlara goýýan belent hormat-sarpasynyň aýdyň beýany boldy.
Dabaranyň
dowamynda çykyş edenler eziz diýarymyzda zenanlara döredilýän giň
mümkinçilikler barada aýratyn nygtadylar. Bu ajaýyp çärede gelin-gyzlara hormatly
Prezidentimiziň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Zenanlar bu belent hormata minnetdarlyk bildirip, Döwlet Baştutanymyzyň alyp
barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň barha gülläp ösýändigini, zenanlaryň
jemgyýetdäki ornunyň mydama belentdedigini buýsanç bilen bellediler.
Türkmen
zenanlary dürli ugurlarda – ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, ylym-bilimde,
medeniýetde we beýleki pudaklarda guwandyryjy üstünlikleri gazanýarlar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda zähmet çekýän zenanlar hem öz yhlasly
zähmetleri bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Diýarymyzda
giňden bellenilip geçilen bu halkara baýramçylyk ýurdumyzda zenanlara uly hormat-sarpa goýulýandygynyň ýene bir
gezek subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.