Ozal
habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17
ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine
maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Gyzgyn
el çarpyşmalar bilen garşylanan Gutlagdan soňra ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar
sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi.
Bu giň möçberli sergi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileriniň
soňky 17 ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini, täze sepgitlerini hem-de
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleri giňden açyp görkezmekde
aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman
ylmynyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrýan milli
işewürler üçin bu sergi diňe bir ýeten derejelerini görkezmek bilen çäklenmän,
halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem
uly mümkinçilik döreder.
Döwlet tarapyndan
döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, häzirki zaman tehnologiýalary bilen
enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli, eksporta ugrukdyrylan
önümleriň önümçiligini artdyrýan telekeçilerimiziň gazananlaryny giň
jemgyýetçilige ýetirmekde bu sergi
aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17
ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa
goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem
geçiriler.
Hususy pudak
üçin özboluşly meýdança hökmünde çykyş edýän bu çäre üç günläp dowam eder we
milli hem-de halkara derejede täze hyzmatdaşlyklaryň başlanmagyna itergi berer.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.