2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden başlap, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi dünýäniň dürli döwletleriniň ösüş ugurlaryny, innowasion çözgütlerini hem-de milli aýratynlyklaryny görkezýän giň möçberli halkara çäredir. Bu sergide binagärlik çözgütleri «Belli» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilen Türkmenistanyň milli pawilýony hem öz binagärlik gurluşy, içki giňişligi we mazmuny bilen aýratyn orun eýeleýär. Üç gatdan ybarat bolan pawilýon ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşini, milli gymmatlyklaryny hem-de geljege gönükdirilen strategiki ugurlaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanadýar.
Pawilýonyň
ilkinji gatynda myhmanlary giň hem-de bezegli meýdança garşy alýar. Bu ýerde
Türkmenistanyň tebigaty, taryhy we medeniýeti bilen tanyşdyrýan wideoşekiller
görkezilýär. Şeýle-de ýörite taýýarlanylan ýadygärlik sowgatlar dükanynda milli
haly nagyşlary bilen bezelen ýadygärlikler, kitapçalar, bezeg esbaplary we
beýleki milli önümler hödürlenýär. Bu giňişlik myhmanlarda Türkmenistanyň milli özboluşlylygy barada
ilkinji täsiri döredýän meýdança bolup çykyş edýär.
Pawilýonyň
ikinji gatynda Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşini görkezýän tematiki bölümler
ýerleşdirilipdir. Bu gatda her bölüm aýratyn diwarlyklar, sanly paneller,
wideolar we interaktiw serişdeler bilen üpjün edilendir.
Pawilýonyň iň
ýokary gatynda myhmanlar üçin döredilen kafeteriýa we dynç alyş meýdançasy
ýerleşýär. Bu ýerde türkmen milli tagamlary we çaý hödürlenýär. Tapçan
görnüşinde döredilen oturgyçlar, rahat otaglar myhmanlaryň dynç almagy üçin
niýetlenendir. Bu giňişlikde milli
myhmansöýerlik däplerimize eýerilip, hyzmat edilýär.
Bu täsirli
taslama ýurdumyzyň häzirki ösüş ýoluny dünýä tanatmak bilen bir hatarda,
halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini hem açýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.