Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

21.06.2025
24
Card image cap

       2025-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň ykdysady we söwda merkezleriniň biri hasaplanýan Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu sergi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini we önümçilik mümkinçiliklerini halkara derejesinde tanyşdyrmagy maksat edinýär.

           Sergi Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de degişli döwlet we hususy pudaklarynyň bilelikde guramagynda geçiriler. Onuň çäginde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, halkara standartlaryna laýyk gelýän we bäsleşige ukyply harytlar giňden görkeziler. Şeýle hem, sergä gatnaşýanlar Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekde alyp barýan syýasaty bilen tanyşyp, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenip bilerler.

         Bu çäre diňe bir öndürilýän harytlaryň görkezilişi bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary hem-de daşary ýurtly maýadarlary özüne çekip biljek maýa goýum taslamalary bilen hem tanyşdyrar.

         Türkmenistanyň halkara bazarlara çykmak mümkinçiliklerini giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de milli önümleriň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar.

         Sergi, şeýle hem, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we täze hyzmatdaşlyk sahypalaryny açmaga giň ýol açar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň