2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasy
bolar. Bu halkara derejeli çärä dünýäniň onlarça ýurdundan wekiliýetler gatnaşýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň
wekiliýetiniň Türkmenistanyň Milli gününiň dabaralaryna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň
sergisi üçin dörediljek milli platforma ýurduň ykdysady, medeni hem-de
innowasion ösüş mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmegi maksat edinýär.
Platformanyň çäklerinde energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, arassa
energiýa, sanly ulgam, şeýle hem taryhy-medeni miras bilen bagly maglumatlar
ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň
Milli güni aýratyn baýramçylyk çäreleri bilen bellener. Bu gün milli medeniýetimize
degişli çykyşlar, halk döredijiligi bilen tanyşdyryş çäreleri, amaly-haşam
önümleriniň sergisi guralyp, gatnaşyjylara milli tagamlar hödürlener.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy tarapyndan daşary ýurtly işewür toparlar bilen
duşuşyklar, hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler, şeýle hem maýa goýum
mümkinçiliklerini tanyşdyrýan forum geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
«EKSPO-2025»
sergisine gatnaşmak ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine,
daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we
Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ornunyň has-da berkidilmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.