Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

06.09.2025
96

          2025-nji ýylyň 18-20-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler.

         Sergä Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurt kompaniýalary, ýerli işewürler hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.

         Bu sergi ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň giň gerimini görkezmek bilen, milli senagatyň, oba hojalygynyň, energetikanyň, gurluşygyň, ulag-aragatnaşygyň we beýleki pudaklaryň häzirki ösüş derejesini açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Şeýle hem sergi daşary ýurtly kompaniýalar we türkmen işewürleri üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde täsirli işewür meýdança hökmünde çykyş eder.

         Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisi, Türkmenistanyň ösüşleriniň dabaranlanmagy bolup, dünýä jemgyýetçiligine ýurdumyzyň ösüş kuwwatyny we halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny görkezmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň