Häzirki wagtda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2025-nji
ýylyň 29-njy aprelinden 1-nji maýyna çenli dowam etjek «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu iri çäre
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan
guralmak bilen, esasy maksady – ýurdumyzyň we daşary ýurtly işewürleriň
arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda, hyzmat we logistika pudaklarynda täze
mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem bu sergi-ýarmarkasy ýurdumyzyň ykdysady
mümkinçiliklerini açyp görkezmek üçin möhüm platforma bolup çykyş eder.
«Halkara
söwda we hyzmatlar» atly
sergi-ýarmarkasy işewürlik gurşawyny ösdürmekde möhüm ädimleriň biri bolmak
bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar oňa gatnaşmaga çagyrylýar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.