Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan – Ysraýyl hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

27.02.2025
63
Card image cap

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we netijeli daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde uly üstünliklere ýetýär. 2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ysmaýyl Haldi duşuşdy. Bu duşuşyk iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine bagyşlandy.

         Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň, sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi barada pikir alşyldy. Ysmaýyl Haldi öz çykyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleriniň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, Ysraýyl bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň barha ilerleýändigini nygtady. Mundan başga-da, Ysraýylyň kibus senagat assosiasiýasynyň Türkmenistandaky ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmak üçin iň soňky tehnologiýalary we innowasiýa çözgütlerini ornaşdyrmak we söwdasyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Geljekde bu duşuşyk iki döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň has-da berkemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder. Bu hyzmatdaşlygyň täze tapgyry Türkmenistanyň dünýäde öz ornuny has-da berkitmekde möhüm ädimdir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň