2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky
Ilçihanasynyň Söwda işleri boýunça geňeşçisi Stefani Garsiýa Ernandes de Elbey
bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda iki ýurduň
arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Bu
duşuşyk Gwatemala bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum
gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen guraldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki
ýagdaýyna baha berip, geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça
pikir alyşdylar.
Duşuşygyň
netijesinde iki ýurduň işewür toparlarynyň aragatnaşygyny güýçlendirmek we
bilelikdäki taslamalara goldaw bermek barada ylalaşyldy. Türkmenistanyň we
Gwatemalanyň söwda we maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasy, geljekde
iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga itergi berer.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.