12.12.2025
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň çäginde Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen Serbiýa Respublikasynyň Halkara
ykdysady hyzmatdaşlyk ministri N. Popowiç arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara gyzyklanma döredýän ugurlar
hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Taraplar
iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, özara
söwda dolanşygyny artdyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmagyň
möhümdigini bellediler.
Duşuşyk
dostlukly we işjeň ýagdaýda geçip, geljekde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen anyk teklipleriň öňe sürülmegi bilen tapawutlandy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.