2025-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin
Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda
taraplar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary
ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, senagat,
söwda, maýa goýum, logistika we telekeçilik ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine aýratyn üns berildi.
Jenap
Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüş
ýolunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, Malaýziýanyň türkmen tarapy
bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini
aýtdy. Ol şeýle hem Malaýziýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň bazarynda
iş alyp barmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň degişli
işewür guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, sergilerde we
işewürlik forumlarynda hyzmatdaşlyk etmek, iki ýurduň arasynda bilelikdäki
ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.
Taraplar
şeýle hem halkara we sebit derejesindäki ykdysady ýagdaýlar bilen baglanyşykly
meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, hyzmatdaşlygyň hukuk we guramaçylyk
esaslaryny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşyga
gatnaşyjylar birek – birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, geljekde
geçiriljek çäreleriň we duşuşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat
etjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.