2025-nji ýylyň 24-26-njy marty
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri we telekeçi
agzalar Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilýän “Oksyň
hazynalarynyň gözbaşynda” atly Halkara zergärçilik sergisine hem-de forumyna
gatnaşýarlar.
Bu
halkara sergi we forum zergärçilik sungatynyň ösüşine, işewür gatnaşyklary
giňeltmäge we täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir. Türkmen
wekiliýeti sergide milli zergärçilik sungatynyň özboluşly nusgalaryny, nepislik
bilen ýasalan şaý-sepleri we gadymy nagyşlary bilen tapawutlanýan bezeg
önümlerini tanyşdyrýarlar.
Serginiň
çäklerinde türkmen telekeçileri dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen hünärmenler
bilen duşuşyk geçirip, bilelikdäki taslamalar we eksport mümkinçilikleri barada
pikir alyşarlar. Bu çäre türkmen zergärçilik sungatyny halkara derejesinde
tanatmak hem-de täze işewür hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.