Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan –Ermenistan: söwda-ykdysady ulgamda işjeň hyzmatdaşlyk

14.05.2025
142
Card image cap

       2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň we Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Logistika bölüminiň başlygy Karen Arakelýanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.  Taraplar söwda we ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we  iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

      Duşuşykda söwda-ykdysady, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi bilen bir hatarda, özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyna-da üns çekildi. Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň Logistika bölüminiň başlygy Karen Arakelýan we türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler we bu maksady amala aşyrmak üçin zerur ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

                                                        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                    Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň