2025-nji ýylyň 16-njy
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Edaranyň ýolbaşçysy bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Arsen Gagikowiç Awagýanyň
arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň
dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň
häzirki derejesine ýokary baha berdiler hem-de geljekde bu gatnaşyklaryň has-da
giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Hususan-da,
Aşgabat we Ýerewan şäherlerinde Söwda öýlerini açmak mümkinçilikleri, iki ýurduň
işewür toparlarynyň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksady bilen giňişleýin
ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle taslamalaryň iki ýurduň arasynda haryt
dolanyşygynyň artdyrylmagynda, ýerli öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna
çykmagynda we telekeçiligiň ösdürilmeginde söwda “köprüsi” bolup ýardam
berjekdigi aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine
taýýardyklaryny beýan etdiler hem-de mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary dowam
etdirmäge ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.