Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk

28.02.2025
80
Card image cap

       Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, 2025-nji ýylyň 24-25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek, bilim, medeniýet, ykdysadyýet we beýleki ugurlarda gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

         Mundan başga-da, saparyň dowamynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boyunça Hökümetara Türkmen-Türk Toparynyň VIII Mejlisi Ankara şäherinde geçirildi. Mejlisde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, senagat, energetika, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze başlangyçlar we ylalaşyklar kabul edildi.

         Türkmenistan bilen Türkiýe arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak, iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin bu sapar möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem, bu iş sapary iki ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygyň has-da artmagyna täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýol açar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň