04.04.2025
                    
                                      
                                                            
                                        2025-nji ýylyň
3-nji aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Ermenistan
Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşdy. Taraplar
ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösdürmek
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň
dowamynda hususan-da, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary
ösdürmek, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak hem-de bilelikdäki sergileri,
forumlary we işewür duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi. 
Şeýle hem,
taraplar Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasynda ýangyç-energetika,
ulag-logistika, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki ugurlar boýunça
hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyny
nygtap, işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. 
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
 Metbugat gullugy.