Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen wekiliýetiniň Katardaky sergä gatnaşmagy: Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

04.03.2025
98
Card image cap

     Türkmenistan we Katar döwletiniň arasynda syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk ösüşiň täze tapgyryna gadam goýdy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen dürli derejedäki gepleşikler alnyp barylýar, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär we söwda dolanyşygy barha giňeldilýär. 2025-nji ýylyň 1-10-njy marty aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde geçirilen «Aziýa ýurtlarynyň maňyz we guradylan miwe önümleri» atly halkara sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerini açdy.

     2025-nji ýylyň 3-nji martynda Kataryň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem iki döwletiň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek duşuşygyň esasy maksady boldy. Taraplar Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, Kataryň işewür toparlary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

     Türkmen wekiliýetiniň bu sapary iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjy boldy. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler kesgitlenip, türkmen önümleriniň Kataryň bazarynda orun almagy üçin ilkinji ädimler ädildi. Geljekde bu hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna we Kataryň işewür toparlary bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berer. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň